Sepleriň elýeterliligi

Liwiýada täze häkimiýeler Sirtä hüjüme başlady


Liwiýada Milli geçiş geňeşiniň harby güýçleri Liwiýanyň öňki lideri Muammar Kaddafiniň doglan şäheri Sirtäni almak üçin hüjüme başladylar.

“Al-Jazeera” telekanaly Milli geçiş geňeşiniň wekiline salgylanyp, Sirtede Kaddafiniň režiminiň ýokary derejeli çinownikleriniň bolmagynyň mümkindigi barada maglumat ýaýratdy. Olaryň arasynda Kaddafiniň ogullaryndan biriniň hem bolmagynyň mümkindigi çaklanýar.

Penşenbe güni Siriýanyň “Arrai” telekanaly Kaddafiniň halkyna eden audio ýüzlenmesini ýaýlyma berdi. Bu ýüzlenmede Kaddafi liwiýalylary Milli geçiş geňeşine garşy göreşmäge çagyryş etdi.

Kaddafiniň nirededigi henize çenli belli däl.
XS
SM
MD
LG