Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaranlyk güýçleriniň Owganystana girmegine 10 ýyl boldy


7-nji oktýabrda Birleşen Ştatlaryň we NATO-nyň ýaranlyk güýçleriniň Owganystandaky harby operasiýalarynyň başlamagyna 10 ýyl boldy.

2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda ABŞ-a edilen hüjümden soň harby hereketlere geçilipdi. Owganystanyň köp bölegine gözegçilik eden “Talyban” hereketi Nýu-Ýorkdaky terror hüjümleriniň jogapkärçiligini öz üstüne alan “Al-Kaýda” hereketiniň lideri Osama Bin Ladeni bermekden ýüz öwrüpdi.

Bu sene bilen bagly BBC telekanalyna beren interwýusynda owgan prezidenti Hamid Karzaý şeýle diýdi: “Biz owgan halkynyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesinde uly şowsuzlyga uçradyk. Bu bolsa owgan hökümetiniň we ýaranlyk güýçleriniň ýetmezçiligidir”.

Şeýle hem, owgan prezidenti talyplar bilen gepleşik geçirmek meselesini doly aradan aýyrmaýandygyny aýtdy.

2001-nji ýylda ýaranlyk güýçlerine "Talyban" režimini birnäçe hepdäniň dowamynda dargatmak başartsa-da, Owganystanyň içerki ýagdaýy henize çenli dartgynly bolmagyna galýar.

Häzir Owganystanda ýaranlyk güýçleriniň 140 müň esgeri gulluk edýär. 10 ýylyň dowamynda Owganystanda ýaranlyk güýçlerinden 2,700 esger heläk boldy. Olaryň ýarsyndan gowragy amerikanlar diýlip, maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG