Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokary bilim: nyrh hem-de ähmiýetlilik


Bostondaky Garward uniwersiteti
Bostondaky Garward uniwersiteti
Dürli reýtinglere laýyklykda soňky ýyllarda iň islegli, abraýly, gymmat we “oňat” ýokary okuw jaýy Bostondaky Garward uniwersitetidir. Beýik Britaniýanyň “Times Higher Education” hepdeligi ýokary bilim bilen baglanyşykly esasy neşir hasaplanýar. Şonuň ýaly-da bu neşir “oňatlaryň” sanawyny-da düzýär. 2004-nji ýylda, haçan-da uniwersitetlere reýtingler berlip başlananda bu neşir Garwardy hormat münberinden düşürdi.

Britan bilermenleriň şeýle bahasy birnäçe görkezijilere esaslanýar. Şolaryň hataryna sapak berlişiniň derejesi, seljeriş işleriniň ähmiýetliligi we ölçegleri, ylmy neşirlere salgylanyşyň möçberleri we wajyplylygy hem girýär. Şu ýyl reýting hasaby ýöredilende 17,5 müň sany alym bilen pikir soralyşygy geçirildi we 50 million sany salgylanmalar derňeldi. Şonda Kaliforniýanyň tehnologiýa instituty birinji orna düşdi. Hünärmenleriň pikirine görä, munuň şeýle bolmagy kaliforniýalylaryň geçen ýyldaky bilen deňeşdireniňde seljeriş işleri üçin has köp serişdeler alandyklary sebäplidir.

Käbir synçylaryň pikirine görä, diňe bir şu ýokary okuw jaýlarynyň reýtingleri däl, eýsem, aslynda beýleki hemme ýokary okuw jaýlarynyň reýtingleri-de ýokarlandyrylandyr. Okuw üçin tölegler-de şunuň ýalydyr. Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) işgäri Maýk Skreýj öz blogunda: “Ýokary bilimiň size iş gözleginde nepiniň degmegi mümkin, ýöne size diplomyňyz üçin däl-de, iş başaryş ukybyňyz we döredijilik “damaryňyz” üçin baha keserler” diýip ýazýar. Bill Geýts bilen Stiw Jobs ýaly meşhur oýlap tapyjylaryň we biznesmenleriň hiç hili uniwersitetleri gutarmandyklaryny-da Skreýj ýatlaýar.

Ýokary okuw jaýlarynyň ýokarlandyrylan bahasyndan Amerikanyň “Washington Monthly” žurnaly-da nägile. Onuň redaktory Pol Glastris “Adaty reýtingleriň çagalara we olaryň ene-atalaryna haýsy uniwersiteti ýa-da kolleji saýlamak we onuň näderejede kuwwatly sosial galkynyşy üpjün etmek meselesini çözmekde peýdasy degýär” diýip hasaplaýar. Eger-de ene-atalar çagalaryna bilim bermek üçin bir ýylda 30-50 müň dollar harçlaýan bolsalar, onda olara, köp halatda bolşy ýaly, reklama zerur däl-de, olaryň perzentleriniň okuwy tamamlanlaryndan soň näçe gazanç etjekdikleri baradaky doly maglumat gerek. “Gynansak-da, Amerikanyň iň oňat hasaplanýan uniwersitetleri abraýly žurnalyň pikirine hiç bir babatda baş galdyrmaýarlar” diýip, Pol Glastris aýdýar: —Bu okuw jaýlarynyň reýtingleri şeýle bir ýokary galdy, indi olar üçin keseden berilýän bahalar hiç zada öwrüldi.

Dünýäniň iň oňat 200 uniwersitetleriniň arasynda Amerikanyň 75, Beýik Britaniýanyň 32 sany ýokary okuw jaýy bar. Şonuň ýaly-da, oňat ýokary okuw jaýlarynyň sanawynda Gollandiýanyň, Germaniýanyň we Kanadanyň uniwersitetleri-de kän.

Wladimir Morozow Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň žurnalisti.
XS
SM
MD
LG