Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýedi doganyň uýasy hakdaky gepler dogrumy?


Pöwrize jülgesinde “ýedi dogan” çynary
Pöwrize jülgesinde “ýedi dogan” çynary
Türkmenistanyň territoriýasyndaky ençeme ýerleriň ady gulply sandyk kimin halka mälim bolman gelýär. Munuň-da sebäbi şol ýer-ýurt atlarynyň arap-pars basyp alyşlary bilen baglylykda döränligi üçindir. Türkmen topragy Russiýa tarapyndan basylyp alnan döwründe hem-de Türkmenistanda rus agalygynyň bolan döwürlerinde türkmenlere araplar hem parslar bilen bagly zatlary ýazmak, şol halklara degişli çeşmeleriň üstüni açmak gadagan boldy. Şeýle bolanlygy üçin halk şu çaka çenli ýer-ýurt atlarynyň köpüsiniň manysyna düşünmän geldi.

Halka ady düşnüksiz bolan şeýle ýerleriň birem Pöwrize jülgesidir.

Pöwrize jülgesi

Pöwrize jülgesi Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinden günbatar tarapda ýerleşmek bilen, sowet döwründe ol halkyň ýaşaýan we dynç almaga barýan iň gözel ýerleriniň biridi. Dag etegi bolansoň, Pöwrize jülgesinde her dürli täsin agaçlaryň baglygy döräpdi we ol baglar görenleriň ünsüni özüne çekýärdi. Bu jülgede edebiýat, sungat, hökümet işgärleriniň daçalary we çagalar üçin pioner lagerleri, saglygy bejeriş sanatorileri bardy. Türkmenistan Garaşsyzlygyny alyp, ýurduň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow Pöwrizede ýaşap başlansoň, ol ýer ýapyk zona öwrüldi hem-de ondaky ähli sanatoriler, daçalar ýykylyp aýryldy, halk ol ýerden göçürildi. Pöwrize goragly ýere öwrülensoň, halk indi ol ýere goýberilmeýär.

Häzirki prezident hem şol ýerde ýaşaýar. Şeýle bolansoň, Pöwrize jülgesi häzir hem halk üçin ýapyk zonalygyna galýar.

Ýedi dogan hakda rowaýat

“Pöwrize” adynyň gelip çykyşyny näme bilen delillendirjeklerini bilmänlerinden soň, adamlar ol hakda şeýle rowaýaty döredipdirler: gadym döwürde ýedi dogan ýaşaýan eken. Olaryň Pöwrize atly owadan uýalary bolupmyş. Duşman gelip, Pöwrizäni äkitmek isläpdir. Ýedi dogan uýalaryny gorap, wepat bolupdyr. Şu rowaýat bilen bagly Pöwrize jülgesinde “ýedi dogan” çynary-da bardy. Ony eken bagban rowaýata görä sünnäläpmi, ýa-da özi şeýle ýagdaýda gögeripmi, jülgäniň ortarasynda gögeren, başy asmana uzan çynaryň ýedi sany, gujak ýetmez, uly şahasy bardy. Şol, owadan gyz Pöwrizäniň ady bilen baglanyşdyryp, halk jülgäniň adyna Pöwrize goýupmyş.

Pöwrize hakdaky hakykat

“Nusaý welaýatynda iki ýeriň ady “firuz” bolupdyr, olaryň biri Nusaýyň gapdalyndaky oba bolupdyr, özem “Paruz, baruz, Baluz, firuz” diýlip atlandyrylypdyr. “Firuz” atlandyrylan beýleki bir ýer bolsa Nusaýyň özi bolupdyr” diýlip, Eýran çeşmelerinde ýazylypdyr. “Nusaý şäherini esaslandyran Firuzin Ýezdegerd bolupdyr” diýip, hijriniň ýedinji asyrynda, miladynyň bolsa on birinji asyrynda ýaşap geçen Gazwini ýazypdyr. “Şonuň üçin onuň (Nusaýyň) gadymky ady Firuz eken. Nusaý şäheriniň ýakynyndaky ýaýladaky şäheriň ady hem Firuze bolupdyr” diýlip, gadymy ýazgylarda galdyrylypdyr.

“Ýaýladaky oba bolan Firuze Türkmenistan bilen Eýrany serhetleşdirýän daglaryň demirgazygynda ýerleşýär. Ol Aşgabat şäheriniň 30 kilometr günbatarynda, şeýle hem Türkmenistanyň möhüm ýerleriniň biridir. Ýöne Ahal düzlügi Russiýa birleşdirilmezden ozal ýarym daglyk bolan bu oba (Firuze) Eýrana degişlidi” diýip, Eýran çeşmeleri ýazýarlar. “Hijriniň 1299-njy ýylynda, miladynyň 1881-nji ýylynda Ahalyň başyna Russiýa tabynlygy düşen wagtynda hem Russiýa bilen Eýranyň arasyndaky ylalaşyga görä, Firuze jülgesi Eýrana degişli edilipdir. Ýöne on bir ýyldan soň ýene ol ýerini orslar eýelediler” diýlip, şol çeşmelerde Firuze jülgesiniň ykbaly hakda habar berilýär. (“Gündogar Eýran wakalary”, sah.—231.)

Taryhçy Ýakudyň çeşmelerinden peýdalanmak bilen, Bartold hem Pöwrize jülgesi hakda şeýle ýazgylar galdyrypdyr: “Nusaý şäherinden üç farsahlyk ýolda Beluz ýa Firuz atly şäher bolupdyr, ol şäher häzirki Firuze şäheridir”.

Bir asyrda ýaşan iki pir

Nusaý welaýatyna degişli, Paruz, Baruz, Beluz, Faruz, Firuz atlary bolan iki obanyň bu atlandyrylyşy yslamyň gelmeginiň ilkinji asyrlaryndan tä mongol basybalyşlarynyň döwrüne çenli şeýle atlandyrylyp gelnipdir (miladynyň ýedinji asyryndan tä on birinji asyryna çenli). Bartold, Ýakut ýaly taryhda belli bolan ençeme alymlar obanyň Firuze adynyň iki sany, bir asyrda ýaşap geçen pirler bilen hem baglydygyny ýazyp geçipdirler. Ol pirleriň biri pir Abulhasan Baruzy bolupdyr. Beýlekisi bolsa şyh Muhad Paruzy bolupdyr. Bu pirleriň ikisiniň-de örän süýji dilli, adamkärçilikli, öz döwrüniň sylagly hem gerekli adamlary bolandygy hakda alymlar ýazypdyrlar. Hatda Soltan Sanjar seljukynyň şyh Muhad Paruza örän ynanandygy hem ondan terbiýe alandygy hakda hem ýazypdyrlar. Pir Abulhasan Baruzy ömrüni Firuzede geçiripdir. Ol obanyň adynyň şu pirleriň ady bilen bagly bolmagy hakdaky pikirleri hem alymlar orta atypdyrlar.

Türkmenlerde “Firuze” harplaryň üýtgemeginiň netijesinde “Pöwrize” diýlip tutulýar. Türkmen diliniň sözlük düzüminde “Firuz, Beluz, Baluz, Paruz” ýaly sözleriň hiç biri gabat gelmeýär. Bu sözleriň arap-pars sözüdigi mälim. Şonuň üçin Pöwrize jülgesiniň geçmişiniň eýranlylara degişlidigi hakdaky ýazgylara ynansa-da bolar.

Çoluk Möwlamow Aşgabatda ýaşaýan intelligensiýa wekiliniň edebi lakamy, synçy. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG