Sepleriň elýeterliligi

Türkiýe siriýaly kürt oppozisioneriniň öldürilmegini ýazgarýar


Türkiýe ýekşenbe güni Siriýada kürt lideriniň öldürilmegini ýazgardy we prezident Başar al-Assadyň hökümetine oppozisiýa zorlukly basyş edilmeginiň “taryhyň çarhyny yzyna dolap bilmejegini” duýdurdy.

Maşal al-Tammo anna güni Siriýanyň Gamyşly şäherinde näbelli adamlar tarapyndan atylyp öldürildi.

Şenbe güni Tammony jaýlamaga ýygnanan 50 müňe golaý adam howpsuzlyk güýçleri tarapyndan oka tutulanda bäş adam öldi.
XS
SM
MD
LG