Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň premýeri Putin Hytaýa sapar edýär


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin gelýän hepde dünýäniň iň uly energiýa sarp edijisi bilen gatnaşyklary berkitmek üçin Hytaýa sapar edýär.

Bu Putiniň geçen aý Orsýetiň indiki prezident saýlawlaryna dalaşgär boljagy belli bolandan soň daşary ýurda edýän ilkinji saparydyr.

Putin Hytaýa 160 adamly delegasiýa bilen gidýär we hepdäniň ikinji hem üçünji günlerinde hytaýly ýolbaşçylar bilen syýasy hem energiýa gepleşiklerini geçirer.
XS
SM
MD
LG