Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň garrylar öýünde bolan ýangynda 4 adam öldi


Orsýetiň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi merkezi Orsýetde bir garrylar öýünde bolan ýangynda dört garrynyň wepat bolandygyny aýdýar.

Şenbe güni irden Moskwadan 400 km çemesi uzaklykda, Kostroma sebitiniň Tihon obasyndaky garrylar öýünde dörän ýangyn bir gatly agaç binany tutuşlugyna gaplap alýar.

Ol ýerde jemi 13 adam ýaşaýan eken. Ýaşaýjylaryň aman galanlary başga ýere geçirilipdir. Häkimiýetler ýangyn boýunça derňew işiniň açylandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG