Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystandaky çaknyşyklardan soň köp adamyň ölendigi aýdylýar


Şenbe güni Owganystanyň günortasynda bolan pitneçi hüjüminde NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Halkara howpsuzlyk kömek güýçleriniň iki esegeri öldürildi.

Bu iki esgeriň ölümi şu aý Owganystanda wepat bolan daşary ýurt esgerleriniň sanyny 6-a ýetirýär. Şu ýyl Owganystanda daşary ýurtly esgerleriň jemi 460-sy wepat boldy.

Owgan polisiýasy şenbe güni Himroz welaýatynda bolan bäş sagatlyk ataşyk mahalynda 8 pitneçiniň öldürilendigini, bir ofgan ofiseriniň wepat bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG