Sepleriň elýeterliligi

Medwedew Orsýete has gowy biznes şertleriniň gerekdigini aýdýar


Orsýetiň prezidenti Dmitriý Medwedew Orsýete daşary ýurt maýasyny çekmek üçin has gowy biznes şertleri gerek diýýär.

Medwedew daşary ýurt maýadarlarynyň 2011-nji ýylda, Orsýetiň Merkezi bankynyň hasaplamalaryna görä, Orsýetiň ykdysadyýetinden şu güne çenli 36.8 milliard ýewrony yzyna çykarandyklaryny aýtdy.

Bu görkeziji 2010-njy ýyldakydan üç esse kän. Medwedew hökümet başyndaky “Bitewi Orsýet” partiýasynyň Krasnodarda geçen ýygnagynda soňky onýyllykda Orsýetde maýa ýatyrmaga zelel berýän köp sanly päsgelçilikleri aýyrmaga edilen synanyşyklaryň tas hemmesiniň puç bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG