Sepleriň elýeterliligi

Kaddafä garşy güýçler strategiki kompleksi doly ele geçirdi


Liwiýanyň geçiş hökümetiniň güýçleri ýekşenbe güni Sirte şäherinde iki sany strategiki ýeri ele geçirendiklerini aýdýarlar.

Geçiş hökümetiniň harby lideri Mohammad al-Faýad öz güýçleriniň indi Sirtedäki Konferensiýa merkezini 100 prosent eýeländigini aýdýar. Bu bina we onuň beton bunkerleri Kaddafä ygrarly güýçleriň Sirtedäki esasy galasyna öwrülipdi.

Kaddafä garşy güýçleriň ýene bir komandiri Naser Zamud öz ýüzläp söweşijisiniň uniwersitet pozisiýalaryny we şol ýerdäki gurluşyk meýdaçasyny eýeländigini aýtdy.

Liwiýanyň geçiş ýolbşaçylary Sirte doly eýelenenden soň ýurduň Kaddafiden azat edilendigini yglan etjeklerini aýdýarlar. Sebäbi şondan soň olar Liwiýanyň ähli deňiz portlaryna gözegçilik ederler.
XS
SM
MD
LG