Sepleriň elýeterliligi

Polşadaky saýlawlarda Donald Tusk ýeňiş gazandy


Polşanyň häzirki premýer-ministri Donald Tusk ýekşenbe güni bolan parlament saýlawlarynda özüniň ýeňiş gazanandygyny aýtdy.

Ol telewideniýe arkaly eden çykyşynda özi üçin ses beren saýlawçylara minnetdarlyk bildirdi.

Ses berip çykanlardan soralan pikirleriň netijesine görä, “Graždan platformasy” partiýasy sesleriň 39.6 prosentini alypdyr.

Oppozision konserwatiw partiýalardan öňki premýer-ministr Ýaroslaw Kaçinskiniň “Hukuk we adalat” partiýasyna 30.1 prosent ses berlipdir.

Üçünji orunda radikal-liberal şygarlar astynda çykyş edýän , täze “Palikat hereketi” atly partiýa durýar. Ony saýlawçylaryň 10 prosent gowragy goldady.
XS
SM
MD
LG