Sepleriň elýeterliligi

Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri ylalaşyk gazandylar


Ýekşenbe güni Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri Angela Merkel we Nikola Sarkozi ýewro zonasyny gaplap alan maliýe krizisinden çykmagyň ýollary boýunça ylalaşyk gazandylar.

Gepleşikler tamamlanandan soň, iki lider Germaniýanyň we Fransiýanyň teklipleriniň oktýabr aýynyň dowamynda resmi taýdan äşgär ediljekdigini aýtdy. Şol teklipler beýleki ýewropa liderleri bilen maslahat ediler.

Ýewropa Bileleşiginiň 17-18-nji oktýabrda geçjek sammitinde ykdysady problemalar gepleşikleriň esasy temasy bolar.
XS
SM
MD
LG