Sepleriň elýeterliligi

Ýakyn Gündogar konflikti boýunça “dörtlügiň” maslahaty boldy


Ýakyn Gündogar konfliktini kadalaşdyrmak boýunça ABŞ-dan, Ýewropa Bileleşiginden, Orsýetden hem BMG-den ybarat araçy “dörtlük” 2008-nji ýylda arasy kesilen gepleşiklere mümkin boldugyndan tizräk başlamaga ysraýyllylary we palestinlileri çagyrdy.

Şu mesele boýunça strategiýa işläp düzmek üçin halkara araçylar topary ýekşenbe güni Brýusselde maslahat geçirdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýokary wekili Ketrin Aşton duşuşykda öňegidişligiň bolandygyny habar berdi.

“Eger ‘dörtlügiň’ wekillerine ýewreý obalarynyň gurluşygyny bes etmäge Ysraýyly yrmak başartsa, onda gepleşiklere başlamakda problema bolmaz” diýip, Palestin awtonomiýasynyň ýörite wekili Hanan Aşrawy belledi.
XS
SM
MD
LG