Sepleriň elýeterliligi

Şu gün irden Ýaponiýada güýçli ýer yranma boldy


Şu gün irden Ýaponiýanyň gündogar kenarlarynda güýji 5.5 balla deň ýer titredi.

Sarsgynlaryň merkezi Fukusimo raýonynda, Iwaki şäheriniň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýär.

Sarsgynlar paýtagt Tokioda-da duýuldy. Ýaponiýanyň NHK telekanaly ýer titrmemäniň “Fukusimo-Daýiçi” atom elektrik stansiýasynda alnyp barylýan dikeldiş işlerine täsir ýetirmändigini habar berdi.

Pidalar hem deňiz harasadynyň döremek howpy barasynda maglumat ýok.
XS
SM
MD
LG