Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýekşenbe güni Kairdäki çaknyşyklarda 23 adam öldi


Düýn Müsüriň paýtagty Kairde hristianlar bilen hukuk goraýjy güýçleriň arasynda bolan çyknyşyklarda azyndan 23 adam ölup, 150 töweregi ýaralandy. Bu san gitdigiçe artýar.

Müsüriň premýer-ministri Essam Şaraf “bu çaknyşyk ýurdy dartgynlylyga iterdi” diýdi.

Döwlet telewideniýesiniň jaýynyň öňüne ýygnanan müňlerçe hristian protestçileri Müsüriň günortasyndaky Asuan welaýatynda hristian ybadathanasyna hüjüm edilmegine protest bildirdiler.

Protestçiler polisiýa daş hem içi ýangyçly çüýşeleri zyndylar, birnäçe awtomaşyny ýakdylar.

Aksiýanyň dowamynda “Mirinap obasynda kelise bikanun gurlupdyr” diýip çykyş eden welaýat gubernatory Mustafa al-Saýidiň suratyny-da ýakdylar. Protestçiler häkimiň iş başyndan çekilmegini we ybadathananyň dikeldilmegini talap etdiler.
XS
SM
MD
LG