Sepleriň elýeterliligi

"Döwletmyradyň işiniň gadryny bilmeli"


Aşyrguly Baýry: “Döwletmyrat wajyp meseleleri gozgady. Gorkman, ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň adresine tankydy bellikleri aýtdy. Ýöne şol tankydy bellikleriň ählisi-de hoşniýetlidi”.

Aşyrguly Baýry: “Döwletmyrat wajyp meseleleri gozgady. Gorkman, ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň adresine tankydy bellikleri aýtdy. Ýöne şol tankydy bellikleriň ählisi-de hoşniýetlidi”.

Edebiýatçy, žurnalist Döwletmyrat Ýazgulyýewi men soňky bäş ýyl bäri ýakyndan tanaýan. Ýöne onuň edebi makalalary bilen, toplan rowaýatlary, metbugatdaky çykyşlary bilen men öňden tanyş.

Döwletmyrat Ýazgulyýew 90-njy ýyllaryň başyndan 2000-nji ýylyň ortalaryna çenli türkmen metbugatynda iň köp çykyş edýän awtorlaryň biridi. Döwletmyradyň iki ýüze golaý rowaýaty ýygnandygyndan habarym bar.

Şonuň ýaly-da, onuň edebiýatçy hökmünde hem iş alyp barandygyny bilýän. Onuň orta mekdebi altyn medal bilen gutarandygyndan, Türkmen döwlet unwersitetini üstünlikli tamamlandygyndan habarly. Türkmen döwlet uniwersitetinde assistent, soňra mugallym bolup, türkmen edebiýatynyň orta asyrlar döwründen sapak berendigini aýdyp bilerin.

Meniň bilşime görä, onuň üç toma ýeterlik makalalary bolmaly, ýöne ony çykartmaga mümkinçilik ýok.

Edebiýatdaky zehini

Döwletmyrat ýiti, zehinli edebiýatçy. Ol gadymy edebiýat bolsa-da, häzirki zaman edebiýaty bolsa-da, islendik edebiýatçy bilen edebi jedele girmäge taýýar. Onuň öz berk logikasy, berk ynanjy bar. Ol öz pikir-garaýyşlaryny esaslandyrmagy başarýar.

Döwletmyrat Ýazgulyýewiň 90-njy ýyllaryň başlarynda edebiýat ylmy boýunça aspiranturada okandygyny-da aýdyp bolar. Gynansak-da, S. Nyýazow tarapyndan aspiranturalaryň ýapylmagy, alymlyk derejesini berýän ýörite edarany ýapmagy netijesinde, Döwletmyrat edebiýatçylykdan el çekip, žurnalistika geçmeli boldy. Onuň žurnalist hökmünde ýazan makalalaram özüniň täsirliligi bilen tapawutlanýar.

Döwletmyradyň enesi ýüz ýaşa ýetip aradan çykdy. Onuň garry enesi gaty köp türkmen ertekilerini, nakyllaryny, rowaýatlaryny bilýän eken. Döwletmyrat şondanam gaty köp zatlary öwrenipdir. Ol şolary hem halka ýetirdi.

Eger Türkmenistanda kadaly ýagdaý bolanda, onda Döwletmyrat görnükli edebiýatçy bolup ýetişerdi. Ol ylymlaryň doktory derejesine-de mynasyp ýigit. Ony ýüz-göz görmän aýtmaly.

Radio bilen hyzmatdaşlygy gelmegi

Ony Azatlyk Radiosy bilen hyzmatdaşlyga, dogrusyny aýtsam, özüm gönükdirdim. Sebäbi men onuň zehinini duýdum. Onuň adalat küýseginiň güýçlüdigini, öz sözüni aýtmak isleýändigini duýdum. Şonuň üçin-de, oňa radio üçin makalalar, synlar ýazmagy maslahat berdim. Ol şeýle maslahaty höwes bilen kabul etdi.

Döwletmyrat doguçyl, faktlar esasynda çuňňur analiz bilen makalalar ýazdy. Ol wajyp meseleleri gozgady. Gorkman, ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň adresine tankydy bellikleri aýtdy. Ýöne şol tankydy bellikleriň ählisi-de hoşniýetlidi.

Ol diňe öz ýurdunyň ösmegini, türkmen halkynyň has gowy, eşretli durmuşda ýaşamagyny isleýän ýigit. Şonuň üçin-de oňa häzir şeýle sud edip, onuň žurnalistlik işini böwetlemekleri Türkmenistanda adam hukuklarynyň, söz azatlygynyň, metbugat azatlygynyň depgilenýändigini görkezýär.

Döwletmyradyň azatlyga çykmagyny hem-de onuň şu bitiren işleri üçin halkara žurnalistik baýraklarynyň birine hödürlenmegini hem mynasyp görülmegini dogry hasaplaýaryn. Muny isleýäris. Şeýle bolar diýibem umyt edýäris.

Aşyrguly Baýryýew şahyr we garaşsyz žurnalist, halkara Dewid Börk baýragynyň eýesi. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG