Sepleriň elýeterliligi

Eýranda tussaglykdaky iki režissýor şu gün azatlyga goýberildi


Geçen aý Eýranda BBC media korporasiýasynyň pars gullugy bilen ilteşigi bolanlykda gümän edilip saklanan iki režissýor şu gün azatlyga goýberildi. Bu barada ýarym resmi Fars habar gullugy maglumat berýär.

Nasser Saffariýanyň we Mohsen Şahrnazyň azat edilmegi bilen bagly başga goşmaça maglumat berilmedi.

“Eýrana zyýan ýetirýär” diýlip häsiýetlendirilýän habarlar we wideo ýazgylar bilen BBC gullugyny üpjün etmekde aýyplanyp tussag edilen beýleki dört režissýorynyň ykbaly barada Fars habar gullugy maglumat bermeýär.
XS
SM
MD
LG