Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Belarusa we Eýrana garşy täze sanksiýalary girizdi


Şu gün Ýewropa Bileleşigi Belarusda graždan jemgyýetine, syýasy oppozisiýa we garaşsyz media garşy dowam edýän repressiýalara jogapkär adamlara garşy goşmaça sanksiýalary girizdi.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Lýuksemburgda maslahat geçirip, wiza gadagançylygy girizilen we serişdeleri doňdurylan belarusly 192 adamyň sanawyna ýene-de 16 adamy goşdy.

Şeýle-de, ozalky sanksiýalaryň möhleti ýene-de bir ýyl - 2012-nji ýylyň 31-nji oktýabryna çenli uzaldyldy.

Mundan başga-da, Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny bozmakda gümän edilýän 29 sany eýranly resmä garşy hem sanksiýa girizdi. Netijede bu sanaw 61 adama ýetdi.
XS
SM
MD
LG