Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG-niň wekili täjigistanly žurnalistiň ykbalyna aladalanýar


ÝHHG-niň media azatlygy meseleleri boýunça wekili Dunýa Miýatowiç Täjigistanda žurnalist Mahmadýusuf Ismoilowa 16 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi barada prokuroryň eden çagaryşyny ýazgaryp, žurnalistiň dessine azat edilmegine çagyryş etdi.

Miýatowiç “Men resmileri Ismoilowa garşy bildirilýän ähli aýyplamalary ýatyrmaga çagyrýaryn. Bu aýyplamalar oňa professional žurnalstik işi sebäpli ýöňkelýär. Şeýle-de onuň dessine boşadylmagyna çagyrýaryn” diýip, öz beýanatynda nygtaýar.

Ismoilow ýerli “Nuri Zindagi” gazetinde işläp, ol geçen ýylyň 23-nji noýabryndan bäri deslapky tussaghanada saklanýar. Ismoilowa garşy töhmet ýöňkemek, resmilere dil ýetirmek, regional çydamsyzlygy öjükdirmek ýaly aýyplamalar bildirilýär.
XS
SM
MD
LG