Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti Balkan welaýatyna sapar edýär


Türkmenistanyň prezidenti özüniň Balkan welaýatyna edýän saparynyň çäginde düýn ýurduň harby-deňiz güýçleriniň deňizýaka birikmeleriniň birine baryp gördi.

Bu çärede Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň harby-deňiz güýçleriniň hataryna goşulan täze harby katerleriň söweşjeň nobatçylyga başlamagyna hem rugsat berdi.

Habara görä, bu täze harby katerler suw üsti harby gämileri, katerleri we beýleki deňiz transportlaryny ýok etmäge niýetlenendir.

Kaspide döwrebap harby-deňiz flotuny gurmak işlerini Türkmenistanyň prezidenti 2009-njy ýylyň awgustunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde yglan edipdi.

Türkmen mediasynyň habar bermegine göra, şu gün Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welayatynda täze gurlan sement zawodynyň açylyş dabarsayna hem gatnaşypdyr.
XS
SM
MD
LG