Sepleriň elýeterliligi

Ýaponiýa daşary ýurtly turistlere mugt awia bilet bermekçi


Ýaponiýa daşary ýurtly turistleriň ýurda gelip görmekleri üçin geljek ýyl 10 müň töweregi adama uçar biletlerini mugtuna bermekçi.

Ýaponiýanyň “Yomiuri Şimbun” gazetiniň ýazmagyna görä, mugt biletleri almak isleýänler internet arkaly anketa dolduryp, Ýaponiýanyň anyk haýsy böleklerine syýahat etmek isleýändiklerini görkezmeli bolarlar.

Şu ýylyň martynda Ýaponiýada bolan heläkçilikli ýer titremeden we sunamiden soň, ýurda gelýän turistleriň sany 50% töweregi kemeldi. Bu ýagdaý tomusdan başlap birneme kadalaşdy.
XS
SM
MD
LG