Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Kairdäki bidüzgünçiliklere premýer-ministr alada bildirdi


Müsüriň premýer-ministri Kairdäki bolan bidüzgünçiliklerden soň ilaty asudalyga çagyrdy. Düýn hristianlar, musulmanlar we howpsuzlyk güýçleri özara çaknyşanda, azyndan 24 adam ölüp, 200 töweregi adam ýaralanypdy.

Premýer-ministr Essam Şaraf telewideniýe arkaly eden çykyşynda şeýle: "Bu wakalar bizi yza äkider, şeýle-de ýurduň geljegini howsala we gorka salýar” diýdi.

Müsürde fewral aýyndaky gozgalaňlardan soň, hristianlar bilen musulmanlaryň arasyndaky dartgynlylyk artypdy.

Hristianlar Müsüriň 80 millionlyk ilatynyň 10 % töweregini düzýär.
XS
SM
MD
LG