Sepleriň elýeterliligi

Ykdysadyýet boýunça ýylyň Nobel baýragynyň eýeleri belli boldy


Şu gün ykdysadyýet boýunça şu ýylyň Nobel baýragynyň eýeleri yglan edildi. Bu baýraga amerikan ykdasyýetçileri Tomas Sargent we Kristofer Sims eýe boldular.

"Sargentiň we Simsiň öňe süren pikirleri dünýä boýunça praktiki makroekonomika analizinde esasy çeşmä öwrüldi. Bu hem akademiki barlaglara hem-de karar kabul etmek kontekstine degişldidir” diýip, ykdysdyýet boýunça Nobel komitetiniň agzasy Per Krusell şu gün Stokgolmda eden çykyşynda nygtady.

Ykdysadyýet boýunça yglan edilen baýrak şu ýylky Nobel baýraklarynyň iň soňkusydyr. Mundan öň medisina, fizika, himiýa, edebiýat we parahatçylyk boýunça baýraklaryň eýeleri yglan edilipdi.
XS
SM
MD
LG