Sepleriň elýeterliligi

Wladimir Putiniň Hytaýa iki günlük sapary başlanýar


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň şu gün Hytaýa iki günlük sapary başlanýar.

Bu saparynyň barşynda ol Hytaý Halk Respublikasynyň lideri Hu Žintao, hytaý hökümetiniň başlygy Wen Szýabao hem beýleki hytaý ýolbaşşylary bilen gepleşikler geçirer.

Bu gepleşikleriň netijesinde birnäçe ykdysady ylalaşyklara gol çekmeklik planlaşdyrylýar.

Şeýle hem, Orsýetiň gazyny Hytaýa akdyrmak boýunça 30 ýyllyk kontrakt barada-da gepleşikler geçiriler.
XS
SM
MD
LG