Sepleriň elýeterliligi

ÝB Siriýanyň prezidentini häkimiýetden çekilmäge çagyrdy


Ýewropa Bileleşigi Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady iş başyndan çekilmäge çagyrdy hem onuň režimine garşy täze sanksiýalar bilen haýbat atdy.

Assadyň häkimiýetden gitmegi Siriýada syýasy reformalary geçirmäge mümkinçilik döreder diýip, Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri düýn Lýuksemburgda geçiren duşuşygynda bellediler.

Bileleşigiň bu baradaky beýannamasynda Siriýanyň oppozisiýasynyň ýeke-täk syýasy platformany işläp düzmäge ýykgyn etmesi gutlanýar hem-de ilkinji oppozision birleşigi, ýagny, Siriýanyň milli geňeşini döretmegiň möhümdigi nygtalýar.
XS
SM
MD
LG