Sepleriň elýeterliligi

Polşada saýlawlaryň gutarnykly netijeleri yglan edildi


Polşada ýekşenbe güni geşirilen parlament saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri yglan edildi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň gutarnykly ses sanawlaryndan soňky beren maglumatyna görä, premýer-ministr Donald Tuskyň “Graždan platformasy” atly liberal partiýasy 39 prosent gowrak ses alypdyr.

Ikinji orny öňki premýer-ministr Ýaroslaw Kaçinskiniň “Hukuk we adalat” konserwatiw partiýasy 30 prosent ses almak bilen eýeleýär. Bulardan başga-da Polşanyň parlamentine ýene üç partiýa girdi.

Şeýlelikde, Donald Tusk Polşanyň hökümet başlygy wezipesinde galýar. Onuň “Graždan platformasy” partiýasynyň Halk partiýasy bilen koalision hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG