Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Al-Kaýda” öz lideriniň ölümi üçin ar almaga wada berýär


Arap ýarym adasyndaky “Al-Kaýda” topary öz lideri Anwar al-Awlakynyň ölüm faktyny tassyklady hem bu ölüm üçin ar almaga wada berdi.

Yslam web-saýtlarynda ýerleşdirilen beýannamada ABŞ-nyň pilotsyz uçarynyň uran zarbalarynda Ýemende al-Awlakynyň we onuň üç egindeşiniň 31-nji sentýabrda wepat bolandygy aýdylýar.

1-nji oktýabrda Amerikan häkimiýetleri tutuş dünýä boýunça amerikanlylaryň garşysyna teraktlaryň artýan howpuny duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG