Sepleriň elýeterliligi

Slowakiýanyň koalision hökümeti ylalaşyk gazanyp bilmedi


Ýewropanyň maliýe durnuklaşdyryş fonduny giňeltmegi makullamak meselesi boýunça Slowakiýanyň dolandyryjy koalisiýasyna düýn ylalaşyk gazanmak başartmady.

Şol fond bergi krizisi bilen ýüzbe-ýüz bolan ýurtlara kömek bermek üçin döredilipdi.

Slowakiýanyň premýer-ministri Iweta Radişowa dört partiýany özüne birleşdirýän koalisiýanyň bu meselede ylalaşyga gelip bilmändigini aýtdy.

Şu ýylyň iýul aýynda ýewrozona girýän ýurtlaryň liderleriniň ýörite sammitinde ylalaşylan çäreler toplumyny bu ýewrozona girýän ýurtlaryň on bäşisi eýýäm makullady. Bu plany häzirlikçe diňe Slowakiýa bilen Malta goldamaýar.
XS
SM
MD
LG