Sepleriň elýeterliligi

Orsýetde media agyr synagy başdan geçirýär


"Bu gazetiň ýene bir žurnalisti, çeçen urşuny kän gezek ýiti tankytlan Anna Politkowskaýa hem 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda atylyp öldürildi".

"Bu gazetiň ýene bir žurnalisti, çeçen urşuny kän gezek ýiti tankytlan Anna Politkowskaýa hem 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda atylyp öldürildi".

2003-nji ýylda Orsýetiň tanymal garaşsyz gazetleriniň biri bolan “Nowaýa gazetanyň” bir žurnalisti howpsuzlyk gulluklarynyň eli bar diýilýän jenaýat işlerini barlap ýörkä, agyr kesele uçrap, sanlyjy günüň içinde aradan çykdy. Egindeşleri oňa awy berlendigine ynanýarlar.

Bu gazetiň ýene bir žurnalisti, çeçen urşuny kän gezek ýiti tankytlan Anna Politkowskaýa hem 5 ýyl mundan ozal, 2006-njy ýylyň 7-nji oktýabrynda atylyp öldürildi.

Ondan iki ýyl öň, 2004-nji ýylda Politkowskaýa Beslanda terrorçylaryň mekdep okuwçylaryny zamun almaklary bilen bagly waka barada metbugata maglumat bermeginiň oňüni almak üçin, özüne-de awy berlendigini aýdypdy.

Orsýet 140-njy orunda

Geçen ýyl “Serhetsiz reportýorlar” guramasy Metbugat erkinligi indeksinde 178 ýurduň arasynda Orsýeti 140-njy orunda ýerleşdirdi. Gurama özüniň bu kararyny Orsýetde žurnalistlere garşy hüjüm edýänleriň jezasyz galýandygy bilen düşündirdi.

“Nowaýa gazetanyň” redaktorynyň orunbasary Andreý Lipskiý žurnalistleriň öldürilmeginiň ýagdaýa ýaramaz täsir edendigini aýdýar. Ol, elbetde, seresap bolunmaly diýilse-de, muňa garamazdan, barybir, “Nowaýa gazetanyň” gozgamakdan saklanýan temasynyň ýokdugyny belleýär.

Orsýetde göräýmäge köpçülikleýin habar serişdeleriniň üstünden aç-açan resmi zorluk ýok ýaly görünse-de, hökümetiň elinde kontrollyk üçin başga gurallar bar. Mysal üçin, premýer-ministr Putiniň, onuň ýakyn töweregine degişli adamlaryň, olaryň garyndaşlarynyň hususy söwda işleri barada aýdylmadyk, gadagan zatlaryň ýurtdaky köpsanly beýleki neşirlerde paş edilmezligini şu gurallar kepillendirýär.

“Kimdir-biri gelip, seniň gazetiňi ýapanok. Munuň üçin başga ýollar bar: salgyt polisiýasy, töhmet atmak we şular ýaly zatlar” diýip, Lipskiý belleýär.

“Iň bolmanda, göz üçin gerek”

Lipskiý häkimiýetleriň öňünde döş gerip dur diýlen äheňde “Nowaýa gazeta” daşary ýurtlardan berilýän sylaglara we halkara jemgyýetçiliginiň goldawlaryna uly hormat goýýar. Şol bir wagtyň özünde, Lipskiý häkimiýetleriň öz gazetine çydamlylyk görkezýändigini-de aýdýar. Onuň pikiriçe, munuň sebäbi häkimiýetlere, iň bärkisi, Günbataryň öňünde demokratik bolup görünmek üçin ýurtda iň azyndan birnäçe garaşsyz maglumat çeşmesiniň gerekdigidir.

Lewada merkezinde medianyň ýagdaýyny öwrenýän Denis Wolkowyň pikiriçe, “Nowaýa gazetanyň” bolmagy we häkimiýetleriň bu gazete çydamlylyk görkezmegi ýöne ýerden däl. Bu ýagdaý häkimiýetlere jemgyýetçiligiň protestlerini dymdyrmak üçin hem tutarykl bolup hyzmat edýär.

“Internet we sanlyja gazet, iň bolmanda, gaýnaýan gazandan az-kem buguň çykmagyna ýol bermek bilen, jemgyýetiň durnuklylygyna kömek edýär. Seniň gürrüňiň hatda darajyk töwerekde bolup geçýän-de bolsa, sen islän zadyň barada gürläp bilýärsiň” diýip, Wolkow aýdýar.

Regionlarda ýagdaý has hem agyr…

Orsýetiň regionlarynda ýagdaý žurnalistler üçin mundan hem agyr. Ol ýerlerde media diňe bir Moskwa tarapyndan däl, eýsem ýerli resmiler tarapyndan hem basyşa sezewar edilýär. Ýöne, şonda-da, regionlarda-da ýerli häkimiýetleriň öz wezipelerinden galp peýdalanýandygy barada makala çykman duranok.

Bu ýerlerde žurnalistleriň işini bökdeýän uly päsgelçilik köplenç girizilen gadagançylyk däl-de, okyjylaryň bu kemçiliklere ähmiýet bermeýänligi.

Adam hukuklary boýunça tanymal aktiwist Lew Ponomarýow bu ugurda gaty gowy bilinýän bir ýagdaýy agzaýar. Onuň aýtmagyna görä, Irkutskide bir tussaghanada käbir tussaglara, içki tertip-düzgüni saklatmak üçin, beýlekileri gynamaga, hatda öldürmäge-de ygtyýar berlendigini hemmeler bilýär.

“Bir ýerli gazet bu barada dowamly ýazýar. Ýöne munuň edýän täsiri ýok. Munuň sebäbi, häkimiýetleriň bu barada ‘siz ýazyberiň, bizem okarys, ýöne üýtgän zat bolmaz’ diýip duýduryş berdigi” diýip, Ponomarýow ýagdaýy düşündirýär.

Internet, kiçeňräk hem bolsa, sany barha artýan, ýönekeý ilaty öz içine alýan hereketlere ýol açdy. Ýöne Lipskiniň pikiriçe, internet düýpleýin kök uran häkimiýetleriň garşysyna göreş alyp barardan entek gaty uzakda.

“Ilat demokratiýanyň ösmegi üçin häkimiýetlere gysyş görkezjek bolsa, ol ilki graždanlara öwrülmeli. Häzirki ýagdaýda adamlaryň köpüsi öz bähbitleri üçin demokratiýanyň gerekdigine-de düşünenoklar”.
XS
SM
MD
LG