Sepleriň elýeterliligi

"Žurnaliste ýerliksiz jeza berildi"


Sazak Durdymyradow: “Döwletmyradyň üstünden arz etdirip, gelnejesiniň kakasyna we gelnejesine arza ýazdyrdypdyrlar. Ol bendeler öz ýazan arzalarynyň manysyna-da düşünmändiklerini aýdýarlar”.

Sazak Durdymyradow: “Döwletmyradyň üstünden arz etdirip, gelnejesiniň kakasyna we gelnejesine arza ýazdyrdypdyrlar. Ol bendeler öz ýazan arzalarynyň manysyna-da düşünmändiklerini aýdýarlar”.

Men Döwletmyrady ýakyndan tanaýanlaryň biriçe tanaýan diýsem, ýalňyşmaryn. Ol arassa, akylly-huşly, giň göwrümli oglan.

Oňa bildirilýän aýyplamalaryň dogrudygyny-nädogrudygyny anyklamak üçin, men onuň maşgalasynyň ýanyna bardym. Gunça gelin maňa bolan ýagdaýy doly aýdyp berdi.

Men bu waka bilen baglanyşykly gös-göni Türkmenistanyň prezidentine, hukuk goraýjy edaralaryna aç-açan ýüzlenmegi maksat etdim. Men diňe bir öz adymdan hem däl, eýsem, öz ýoldaşlarymyň, «Bähbit» partiýasynyň agzalarynyň adyndan-da gürleýärin.

Nämüçindir Türkmenistanyň prezidentine «Arkadag» diýlip hormatly at dakyljak bolunýar?! Şol ada mynasyp boljak bolsa, onda Türkmenistanyň prezidenti, goý, hakykatdanam Döwletmyradyň arkasynda dursun!

«Ol prezidente gaty ynanýan adamdy»

Men Döwletmyrat bilen köplenç halatlarda öz syýasy garaýşym boýunça çaprazrak pozisiýalarda durýan adam. Sebäbi Döwletmyrat mydama söze başlanda, onuň «bisimillasy» prezidentimize alkyş aýdyp, prezidentimiziň bitirýän işlerini mahabatlandyrmakdy. Emma, şeýle-de bolsa, men oňa mydama häkimlerden, ýolbaşçylardan birazrak ägäräk bolmaklygy maslahat berýärdim.

Men oňa öz garaýşyny gönüräk aýtjak bolsa, häkimiýetleri öwmezligi maslahat bererdim. Emma ol prezidente gaty ynanýan adamdy.

Ýöne indi görüp otursak, kanun goraýjylar Döwletmyradyň aýdýan zatlaryndan ters netije çykaryp, onuň türmä salynmagy üçin alada edipdirler. Olar şonuň ugrunda gezipdirler, şony gurnapdyrlar. Şonuň gurnalandygy barada hiç hili şübhe ýok. Sebäbi, Döwletmyradyň üstünden arz etdirip, gelnejesiniň kakasyna we gelnejesine arza ýazdyrdypdyrlar. Ol bendeler öz ýazan arzalarynyň manysyna-da düşünmändiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtyň özünde-de, olar iň soňky gezek polisiýa edarasyna baranlarynda hem-de öz arzalaryny yzyna aljakdyklaryny we bu işleriň Döwletmyrat tarapyndan edilmändigini aýdanlarynda, organ işgärleri şol arzany-da yzyna aldyrtman, gaýta Döwletmyrady-da şol pursat tussag edipdirler.

Arzlar diňlenenok

Meniň şu ýerde esasy aýtjak bolýan zadym: goý, prezident bilip goýsun, prezidente ýazylýan arzalaryň birem dogry barlanmaýar. Men ozalky prezidente kän arzalar ýazyp iberipdim, açyk hatlar ýazypdym. Şol döwürde ol hatlar, nähilem bolsa, derňelýärdi, şonuň yzyndan adamlar gelýärdi. Bir bendäniň ýagdaýyny aýdanyňda, şonuň yzy barlanyp gidilýärdi.

Indi nämüçindir ýazylýan hatlar edil düýpsüz guýa gaçýan ýaly duýulýar. Eger «Arkadag» bolunjak bolsa, halkyň aladasy edilýän bolsa, onda prezidentiň şu zatlary diňlemegi gerek, hakyky adalat suduny geçirmegi gerek.

Bizde henizem köne pikir bilen hereket edilýär. Ynha, Döwletmyradyň işinde, sudýalar onuň 106-njy maddanyň 2-nji bendi boýunça jenaýat jogapkärçiligine çekilendigini aýdýarlar. Emma ol ýerde bu madda laýyk gelýän bolan zat ýog-a. Goý, ol ene-ata bolsun, aga-ini bolsun, tapawudy ýok, islendik adam maşgalada bolýan näsazlyklar barada öz garaýşyny aýdar, maslahat berer. Maslahat bereniň sebäpli «jenaýat işi edildi» diýmeklik – düýbünden bolmaly zat däl!

Döwletmyrat bilen bagly meselede hiç kimiň özüne kast etjek bolan zady ýok. Şoňa görä, men öz pikirimi aýtsam, eger-de prezidentiň halkyň arkasynda durjagy çyň bolsa, onda ol Döwletmyradyň tizden-tiz boşadylmagyna-da hemaýat etmelidir.

Sazak Durdymyradow türkmenistanly graždan aktiwisti. Blogdaky pikirler awtoryň özüne degişli.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG