Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Oppozision partiýa alada bildirýär


Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow.
Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasy D.Ýazgulyýewiň tussaglygyny ýurduň ýörite gulluklarynyň gurnan galp oýnunyň netijesi diýip atlandyrýar. “Respublika” partiýasy Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň Azatlyk Radiosynyň žurnalistini jenaýatda aýyplap, suda çekmek üçin bilkastlaýyn emeli ýagdaý döredenligini aýdýar.


Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasy öz ýaýradan beýannamasynda Azat Ýewropa Azatlyk Radiosynyň ştatdan daşary habarçysy Döwletmyrat Ýazgulyýewiň 5 ýyl türme tussaglygyna höküm edilmeginiň sebäbini onuň žurnalist hökmünde alyp baran professional işi bilen baglanyşdyrýar.

“Respublika” partiýasy öz beýannamasynda häkimiýetleriň žurnaliste şeýle agyr jeza bermek üçin sebäp hökmünde ulanan “maşgala dawasyny” emeli ýol bilen tutaşdyranlygyny ýazýar. “Respublika” partiýasyna mälim bolşuna görä, žurnalistiň maşgalasynda dörän “dawa” Türkmenistanyň ýörite gulluklary tarapyndan gurnalyp, tutaşdyrylypdyr.

D.Ýazgulyýewe Türkmenistnyň Jenaýat kodeksiniň 106-njy maddasynyň “Öz-özuni öldürmäge iteklemek we öz-özüni öldürmäge mejbur etmek” baradaky ikinji bendi boýunça iş kesildi. Oňa kanunda görkezilen iň agyr jeza berildi.

Türkmen hakimiýetleri Ýazgulyýewi gelnejesiniň öz janyna kast etmäge synanyşmagyna jogapkär diýip aýypladylar. Sudda şol gelnejesi we beýleki maşgala agzalary žurnalisti gorap çykyş etdiler, emma bu suduň kararyna tasir ýetirmedi.

“Syýasy çäre”

Oppozision “Respublika” partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, žurnalist tussag edilip-edilmänkä, oňa gyssagly sud edilip, iş kesilmegi ony jemgyýetden üzňeleşdirmek maksady bilen gurnalan ýagdaýdan habar beryär.

“Ýazgulyýewiň dogan-garyndaşlyk arasynda dörän dawa esasynda türmä düşmegi - diňe bir bahana. Bir adam haýsy-da bolsa bir zatda günälenip tutulanda, oňa sud edilip, iş kesilmegine bäş gün ýeterlik däl. Bular ýaly işe siwilizlenen döwletlerde aýlap-ýyllap seredilýär. Adam hakykatdan günäkärmi ýa munuň başga bir sebäbi barmy ýa-da adamy günälejek bolup gurnalýan ýörite spektaklmy - munuň hemmesi öwrenilýär” diýip, N.Hanamow belleýär.

D.Ýagulyýew 27-nji sentýabrda tussag edildi. Iki günläp dowam eden suddan soň, 5-nji oktýabrda-da oňa 5 ýyl iş kesildi.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasy D.Ýazgulyýewiň tussag edilmegini diňe syýasy sebäpler bilen baglanyşdyrýar.

Nurmuhammet Hanamow häkimiýetleriň D.Ýazgulyýewden, aýratynam şu ýylyň iýul aýynda Abadanda bolan partlamalardan soň, žurnalistika işinden el çekmegini talap edendiklerini, şeýle-de žurnalistiň türkmen polisiýasyndaky korrupsiýa barada maglumat toplamagynyň türkmen häkimiýetleriniň göwnünden turmanlygyny belleýär.

“Azatlyk Radiosynyň habarçylary hemişe yzarlanýar. Bu birinji sebäp. Ikinjiden, biz Azatlyk Radiosynyň köp ‘Tegelek stol’ gepleşiklerine Ýazgulyýew bilen bile gatnaşýardyk. Şol gepleşiklere gatnaşmak we režimiň içinde bolup, režimden gorkman, aç-açan öz pikiriňi aýtmak, hakykaty aýtmak hemmä başardanok” diýip, N.Hanamow öz pikirini mälim etdi.

“Nyýazowyň režimi gaýtalanýar”

“Respublika” partiýasy ýaýradan öz beýannamasynda Türkmenistanyň hökümetine we prezident G.Berdimuhamedowa ýurduň BMG we ÝHHG ýaly halkara guramalarynyň agzasy hökmünde öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmäge borçludygyny ýatladýar we, hususan-da, ýurduň köpçülikleýin habar serişdeleriniň erkinligini üpjün etmek hukugyny berjaý etmekligiň halkara guramalarynyň ähli agzlarynyň borjudygyny belleýär.

Partiýanyň lideri Nurmuhammet Hanamow oppozisiýanyň halkara guramalaryna, şol sanda BMG-ä we ÝHHG-ä ýüzlenýänligini Azatlyk Radiosyna aýtdy. Hanamowyň pikirine görä, soňky döwürde Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny has aktiwleşdiren bu halkara strukturalary özgerişler syýasatyny yglan edýän türkmen hökümetinden berýän wadalarynda tapylmagyny talap etmeli.

“Türkmenistanyň ýolbaşçylary biz demokratik ýol bilen gidýäris diýýärler. Emma erkin metbugat bolmasa, erkin sud prosesleri geçmese, bu ýagdaý eden-etdilige ýol berýär. Ýene Nyýazowyň öňki režimi gaýtalanýar. Başga bir üýtgeşik zat ýok. Ynha, biziň özümizi - oppozisiýany alyp görsek, Berdimuhamedowyň ’oppozisiýa Türkmenistana gelip biler, saýlawlara gatnaşyp biler’ diýeninden soň, ynha, üç aý geçdi welin, indi bu mesele barada ses-üýn ýok. Bu ýene bir gezek Berdimuhamedowyň aýdýan sözi bilen edýän hereketiniň deň gelmeýänligini görkezýär” diýip, N.Hanamow belledi.

Türkmenistanyň daşynda hereket edýän oppozision “Respublika” partiýasy öz beýannamasynda Türkmenistanyň ýörite gulluklarynyň hereketlerindäki we sud sistemasynyň işlerindäki eden-etdilikleri ýazgarýar, şeýle-de türkmen sudunyň çykaran kararynyň ret edilmegini we Döwletmyrat Ýazgulyýewiň derhal boşadylmagyny talap edýär.
XS
SM
MD
LG