Sepleriň elýeterliligi

Ýuliýa Timoşenko ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi


Şu gün Ukrainanyň sudy ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony 2009-njy ýylda Orsýet bilen baglaşylan gaz ylalaşygynda öz wezipesiniň çäklerinden çykanlykda günäli tapdy. Timoşenko ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

“Timoşenko Ýuliýa Wolodymorowna Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 365-nji maddasynyň 3-nji bendi esasynda günäli tapyldy. Ol ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Oňa (azatlyga çykandan soň) 3 ýylyň dowamynda hökümet edaralarynda guramaçylyk, dolandyryş, administratiw we ykdysady dolandyryş wezipelerini eýelemek hem gadagan edilýär” diýip, sudýa Rodion Kireýew hökümi okady.

Sudýa Kireýewiň aýtmagyna görä, Timoşenko 2009-njy ýylda “Naftogaz” kompaniýasyna Orsýet bilen ylalaşyk baglaşmaga görkezme berende, öz wezipesinden “hyýanatçylykly maksatlar” üçin peýdalanypdyr.

Sudýanyň bellemegine laýyklykda, munuň netijesinde “Naftogaz” uly zyýan çekipdir. Sudýa “Naftogazyň” çeken 190 million dollara golaý zyýanynyň öwezini Timoşenkonyň dolmagy barada-da höküm çykardy.

Timoşenko özüne ýöňkelýän aýypalamalary inkär edip, suduň çykaran karary bilen ylalaşmady.
XS
SM
MD
LG