Sepleriň elýeterliligi

Orsýetiň premýer-ministri Hytaýda gepleşiklere başlady


Hytaýa sapara baran Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin duýn Hytaýyň premýeri Wen Jiabo bilen duşuşdy. Bu gepleşikde esasan özara söwda we energiýa meselelerine garaldy.

Şu gün Orsýetiň premýer-ministriniň prezident Hu Jintao bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Orsýet resmileriniň sözlerine görä, taraplar umumy bahasy 7 milliard dollara ýetýän şertnamalara hem gol goýmagy göz öňünde tutýarlar.

Putin we Hytaýyň lideri Siriýadaky ýagdaýlary hem maslahatlaşarlar diýlip garaşylýar. Geçen hepdede Orsýet hem-de Hytaý Damaska garşy sanksiýalary girizip biljek BMG-niň rezolýusiýasyna weto goýupdylar.
XS
SM
MD
LG