Sepleriň elýeterliligi

Radko Mladiç sişenbe güni Haagada keselhana ýerleşdirildi


Genosidde we beýleki uruş jeýanatlarynda aýyplanýan, bosniýaly serbleriň ozalky harby lideri Radko Mladiç sişenbe güni Haagada keselhana ýerleşdirildi.

Mladiçiň aklawçylarynyň biriniň aýtmagyna görä, ozalky general öýken çişmesiniň howpy esasynda keselhana ýerleşdirilipdir.

Ozalky Ýugoslawiýa boýunça Halkara tribunaly Mladiçiň keselhana ýerleşdirilendigini tassyklap, onuň hassalygy boýunça maglumat bermedi.

69 ýaşly Radko Mladiç geçen hepde suduň zalyna gelende, saglyk ýagdaýyndan zeýrenip, böwregindäki daşlardan ejir çekýändigini aýdypdy. Mladiçiň maşgala agzalarynyň sözüne görä, mundan ozal ol iki gezek insulty başdan geçiripdir.
XS
SM
MD
LG