Sepleriň elýeterliligi

Mýanmaryň täze hökümeti ýurtda günä geçişlik yglan edýär


Sişenbe güni Mýanmaryň (ozalky Birmanyň) täze saýlanan hökümeti ýurtda 6 müň 300 töweregi tussagy azat edýändigini mälim etdi.

Ýerli radionyň we telewideniýäniň berýän maglumatyna görä, tussaglar prezident Thein Seiniň yglan eden amnistiýasy esasynda şu günden azatlyga goýberilip başlanar.

Emma olaryň arasynda näçe syýasy tussagyň azat ediljekdigi barada maglumat ýok. Çaklamalara görä, Mýanmarda 2 müňe golaý syýasy tussag bar.
XS
SM
MD
LG