Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetli Wiktor Buta garşy Nýu-Ýorkda sud diňlenşigi başlandy


Sişenbe güni Nýu-Ýorkda dünýäniň iň belli ýarag gaçakçylarynyň biri bolmakda gümän edilýän, ozalky sowet harby ofiseri Wiktor Buta garşy sud diňlenşigi başlandy.

Wiktor But 2008-nji ýylda Taýlandda Amerikanyň agentleri tarapyndan gizlin operasiýada tussag edilip, soňra Birleşen Ştatlara ekstradisiýa edilipdi.

Wiktor But “ýer-howa” kysymly raketalary satmak, şeýle-de Kolumbiýanyň “FARC” toparynyň gozgalaňçylaryny ýarag bilen üpjün etmek synanyşyklarynda aýyplanýar.

Wiktor But özüne ýöňkelýän bu aýyplamalary ret edýär.

Amerikan resmileri tarapyndan “ölüm tütjary” diýlip atlandyrylan Butyň Owganystandaky ýaragly söweşijilere we Afrikanyň käbir döwletlerine hem ýarag daşandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG