Sepleriň elýeterliligi

ABŞ eýranlylary uly jenaýatda aýyplaýar


ABŞ-nyň Baş prokurory Erik Holder (sagda) we Federal aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Robert Muller Saud Arabystanynyň ilçisiniň janyna kast etmek synanyşygy bilen bagly waka boyunça çykyş edýärler. Waşington. 11-nji oktýabr, 2011.

ABŞ-nyň Baş prokurory Erik Holder (sagda) we Federal aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Robert Muller Saud Arabystanynyň ilçisiniň janyna kast etmek synanyşygy bilen bagly waka boyunça çykyş edýärler. Waşington. 11-nji oktýabr, 2011.

Amerikan resmileri Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisiniň janyna kast etmek planynyň üstüniň açylanlygyny aýdýarlar.


ABŞ-nyň Baş prokurory Erik Holder düýn Waşingtonda bu mesele boýunça eden çykyşynda iki adamy aýyplady. Olardan biri - asly eýranly, Amerikanyň hem Eýranyň pasportyny göterýän Mansor Arbabsiýar, beýlekisi bolsa Eýranda ýaşaýan we “Kudus” harby toparynyň agzasydygy aýdylýan Gulam Şakuridir.

Bu baradaky şikaýatlar şeýle dildüwşügiň düzülenligini, maliýeleşdirilenligini we onuň Eýran tarapyndan ugrukdyrylanlygyny belli edýär.

“Bu çäre ABŞ-nyň kanunlaryna we halkara kanunlara, şeýle-de diplomatlaryň goralmagy baradaky Konwensiýalara garşydyr” diýip, ABŞ-nyň Baş prokurory nygtady.

Jenap Holder Mansor Arbabsiýaryň 29-njy sentýabrda tussag edilenligini aýdyp, Arbabsiýar bu bildirilýän aýyplamalary boýun aldy hem şol wakada Eýranyň oýnan roly barada örän möhüm maglumatlar berdi diýdi. Ol Şakuriniň bolsa Eýrandadygyny belledi.

Olara bildirilýän günäler

Bu iki adam käbir beýleki meseleler bilen birlikde, daşary ýurt resmisini öldürmek, köpçülikleýin gyrgynçylykly ýaraglary ulanmak we halkara terroristik hereketini amala aşyrmak plany boýunça dildüwşük gurnamakda aýyplanýar.

Baş prokuror Erik Holderiň aýtmagyna görä, “Hökümet bu çylşyrymly planyň aňyrsyna ýetmek üçin ençeme aýlap iş alyp bardy. Şol tagallalaryň çäginde ABŞ-nyň hökümetiniň bähbidine işleýän gizlin informator Arbabsiýar bilen Meksikada ençeme gezek duşuşdy”.

Ol aýratynam agzalýan informatoryň amerikan hökümeti bilen hyzmatdaşlyk edýänligini bilmeýän Arbabsiýaryň şol adam bilen Saud Arabystanyň ABŞ-daky ilçisiniň janyna kast etmek üçin 1.5 million dollar tölege ylalaşanlygyny öňe sürdi.

Holder bu hakda şeýle diýdi: “Bize gowşan maglumata görä, şu ýyl ýazda Arbabsiýar özüni neşe gaçakçylygy bilen meşgullanýan karteliň agzasy diýip tanadan, emma ABŞ-nyň neşe gaçakçylygyna garşy göreş alyp barýan administrasiýasynyň gizlin informatory bolan şol adam bilen duşuşypdyr. Maý aýynda Meksikada geçirilen şol duşuşyk soňraky duşuşyklaryň ilkinjisi bolup, şol tagallalar Eýranyň hökümetine degişli käbir elementleri hem öz içine alýan we Saud Arabystanynyň ilçisiniň janyna kast etmek boýunça halkara derejede edilen şol dildüwşügi ýüze çykaryldy”.

Amerikan resmileriniň aýtmagyna görä, bu dildüwşük Saud Arabystanynyň ilçisiniň nahar iýip oturan naharhanasynda bomba partlatmak ýaly plany hem öz içine alýar eken, emma bu plany amala aşyrmak partlaýyjy madda tapylýança, goýbolsun edilipdir.

“Serhetleriň ähmiýeti ýok”

Metbugat ýygnagynda çykyş eden resmilerden biri hem ABŞ-nyň Federal aňtaw gullugynyň ýolbaşçysy Robert Muller bolup, ol bu dildüwşügiň häzirki wagt biziň serhetleriň hiç hili ähmiýetiniň bolmadyk bir döwründe ýaşaýanlygymyzy görkezýändigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, eger bu dildüwşük başa baran bolsa, ol onlarça adamyň heläk bolmagyna sebäp bolardy: “Bu Golliwudda düşürilýän kinonyň temasynyň mazmuny ýaly bolup eşidilýär. Eger olaryň bu plany başa baran bolsa, onuň täsiri juda howply bolup, köp adamlar heläk bolardy. Olarda şol synanyşygyň netijesinde zýyan ýetjek adamlara rehim diýlen zat ýok bolmaly”.

Baş prokuror Erik Holder bu wakada aýyplanýan şol iki adamyň, galyberse-de Eýranyň hem jogapkärçilige çekiljekdigini öňe sürdi.

Şol aýyplamalardan soňra eden çykyşynda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem Eýranyň jogapkärçilige çekilmelidigini belläp, bu Tähranyň hasam üzňeleşmegine sebäp bolar diýdi.

Eýran bu aýyplamalaryň toslanyp tapylanlygyny aýdýar. Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejadyň metbugat boýunça maslahatçysy Ali Akbar Jawanfikir: “Bu ýurduň içerki problemalaryndan ünsi sowmak üçin Waşington tarapyndan toslanyp tapylan bir aýyplama” diýdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG