Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Awstriýanyň prezidenti H.Fişer Türkmenistana sapara ugrady


Çarşenbe güni Awstriýa respublikasynyň prezidenti Haýns Fişer Türkmenistana resmi sapar bilen barýar. Mundan öň Fişer Azerbaýjanda boldy.

Bu Ýewropa Bileleşiginiň Trans-Hazar gazgeçirijisiniň gurluşygy bilen bagly Türkmenistan hem Azerbeýjan bilen gepleşiklere başlamak kararyna gelenden soň, Bileleşigiň liderleriniň iki hazarýaka ýurduna edýän ilkinji saparydyr.

Aşgabatda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň dowamynda türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary we häzirki ýagdaýy boýunça meseleleriň maslahat ediljekdigini resmi metbugat habar berýär.

Haýns Fişeriň saparyna gabatlanyp, Aşgabatda iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň gatnaşmagynda bilelikdäki işewürler maslahaty hem geçirler.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany we Azerbaýjany göz öňünde tutulýan “Nabukko” gaz proýektine goşmak isleýär. Bu gazgeçirijiniň üsti bilen tebigy gaz Kaspi regionyndan Awstriýa akdyrylmaly.
XS
SM
MD
LG