Sepleriň elýeterliligi

logo-print

“Human Rights Watch” Kadyrowdan pul alanlara çagyryş etdi


Adam hukuklaryna gözegçilik edýän halkara “Human Rights Watch” guramasy geçen hepdede Groznyda bolan dabaralara gatnaşan käbir meşhur adamalary Çeçenistanyň lideri Ramzan Kadyrowdan alan pullaryny we sowgatlaryny yzyna gaýtarmaga çagyrdy.

Groznyý şäheriniň düýbüniň tutulmagy mynasybetli gurnaldy diýlip resmi taýdan yglan edilen dabara Golliwudyň ýyldyzlary Jan-Klaude Wan Damme, Hilary Swank, şeýle-de britaniýaly skripkaçy Wanessa-Mae dagylar gatnaşypdy.

Ýöne, bu çäräniň 5-nji oktýabrda Ramzan Kadyrowyň ýaş toýy mynasybetli hem gurnalandygy aýdylýar.

Ýerli medianyň ýazmagyna görä, ýyldyzlara dabara gatnaşandyklary üçin sahylyk bilen pul tölenipdir.
XS
SM
MD
LG