Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Halkara güýçleriň Owganystanda bolmaly wagty uzaldyldy


Düýn BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi halkara güýçleriniň Owganystanda bolmaly wagtyny ýene bir ýyl uzaltdy hem-de owgan hökümetini adam hukuklaryna hormat goýmaga we korrupsiýa garşy göreşe uly üns bermäge çagyrdy.

Mundan öň owgan hökümeti käbir owgan türmelerinde tussaglaryň yzygiderli gynamalara sezewar edilýändigi barada BMG-niň hasabatynda berlen maglumatlary ret edipdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi owgan hukuk institutlaryny güýçlendirmegiň, jeza beriji sistemany reforma etmegiň, adam hukuklaryna hormat goýmagyň möhümdigini nygtady.
XS
SM
MD
LG