Sepleriň elýeterliligi

Gürji milliarderi oppozision syýasy blok döretmekçi


Gürjüstanly milliarder Bidzin Iwanişwili Gürjüstanda geljek ýyl geçiriljek parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanmaga ukyply oppozision syýasy blok döretmekçi.

Şol bloga oppozision “Respublika” partiýasynyň we “Azat demokratlar” partiýasynyň girmegine garaşylýar. Düýn Iwanişwili bu iki syýasy toparyň -da liderleri bilen duşuşdy.

Ýakynda milliarder häzirki gürji häkimiýetleriniň adresine ýiti tankyt bilen çykyş etdi. Munuň yzýany Gürjüstanyň Adalat ministrligi Iwanişwilide fransuz graždanlygy bardygy üçin, onuň gürji raýatlygynyň ýatyrylýandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG