Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-da maliýe galplygyna gatnaşan 9 adam tussag edildi


Düýn ABŞ-da maliýe galplygy bilen bagly dildüwşüge gatnaşygy bolan dokuz adama günä bildirildi. Olar nasistik yzarlamalaryň pidalaryna kömek programmasynyň çäklerinde 57 million dollary başga maksatlar üçin harçlapdyrlar.

Şol dokuz adamyň aglabasy Orsýetden, Ukrainadan we Belarusdan baran immigrantlar. Jogapkärçilige çekilenleriň bäşisi pul paýlamak bilen meşgullanýan “Ýewreýleriň Germaniýa maddy şikaýatlary” boýunça komissiýasynyň Nýu-Ýorkdaky guramasynyň işgäri.

Tussag edilenler bu işe gatnaşygy bolmadyk adamlara pul töläpdirler. Şu işiň çäklerinde tussag etmeler geçen ýyl başlanypdy. Şu wagta çenli jemi otuz adam saklandy.
XS
SM
MD
LG