Sepleriň elýeterliligi

Detroýt sudunda nigeriýaly öz günäsini boýun aldy


Düýn ABŞ-nyň Detroýt sudunda 2009-njy ýylda ýolagçy uçaryny ýarmaga synanyşan 24 ýaşly nigeriýaly günäsini boýun aldy.

Faruk Abdulmuttalab ABŞ-nyň gatnaşýan konfliktlerinde ölen musulmanlaryň aryny almak isländigini, bu hereketiň yslam kadalaryna bap gelýändigini aýtdy.

Abdulmuttalaba höküm 12-nji ýanwarda çykarylar. Oňa, synçylylaryň pikiriçe, amnistiýa düşmezlik şerti bilen ömürlik türme tussaglygy berlip bilner.
XS
SM
MD
LG