Sepleriň elýeterliligi

“Chatham House” Türkmenistany üns merkezine aldy


Artýom Ulunýan: “Türkmenistanyň ‘açyk gapylar’ syýasatyny yglan edendigine garamazdan, bu ýurduň ýapyklygyna galýandygyny ýatdan çykarmaly däl”

Artýom Ulunýan: “Türkmenistanyň ‘açyk gapylar’ syýasatyny yglan edendigine garamazdan, bu ýurduň ýapyklygyna galýandygyny ýatdan çykarmaly däl”

12-nji oktýabrda Londonda “Chatham House” atly Halkara gatnaşyklar boýunça Parahatçylyk institutynda Türkmenistanyň içeri hem daşary syýasatyna bagyşlanyp Tegelek stol diskussiýasy geçirildi.


Bu diskussiýa “Chatham House” guramasynyň Orsýet we Ýewraziýa programmasynyň wekili Annette Bohr, “Serhetsiz lukmanlar” guramasynyň agzasy Anna Hess, “Global Witness” guramasynyň agzasy Tom Meýn, “Türkmen inisiatiwasy” toparynyň wekili Farid Tuhbatullin dagylar gatnaşdylar.

“Chatham House” guramasy tarapyndan gurnalyp, 12-nji oktýabrda geçirilen Tegelek stol diskussiýasy bilen bagly ýaýradylan maglumatda bu çäräniň ÝB-niň Türkmenistan bilen “Ýaranlyk we hyzmatdaşlyk” ylalaşygyna gol çekip-çekmejegi baradaky karara gelinmeginiň öňüsyrasy Berdimuhamedowyň häkimiýet başynda bolan döwrüne syn bermek maksady bilen geçirilýändigi habar berildi.

Bu Tegelek stol diskussiýasynda Türkmenistanyň içerki syýasatyna, şol sanda adam hukuklarynyň berjaý edilmegi bilen bagly ýagdaýyna garaljakdygy aýdyldy.

Bu meseleler bilen bir hatarda diskussiýa gatnaşyjylar Türkmenistanda häkimiýet başyndakylaryň alyp barýan daşarky syýasatynyň strategiýasyna, Türkmenistanda nebit we gaz baýlyklarynyň satylmagynyň jemgyýetiň hal-ýagdaýynyň derejesine hem Türkmenistandaky režimiň berkemegine ýetirýän täsiri barada pikir alşyljakdygy habar berildi.

Näme ähmiýeti bar?

Orsýetiň Ylymlar Akademiýasynyň Ähliumumy taryh institutynyň Merkezi Aziýa, Kawkaz we Balkan ýurtlary boýunça merkeziniň başlygy Artýom Ulunýan “Chatham House” ýaly guramalaryň gurnamagynda geçirilýän diskussiýalaryň ähmiýetsiz däldigini aýdýar.

“Ozaly bilen, bu çärä esasan günbatar ekspertleri we Türkmenistanyň ýagdaýyna ýakyndan syn edýän guramalaryň wekilleri gatnaşyp, Türkmenistanda bolup geçýän wakalara Ýewropa ýurtlarynda hem ABŞ-da nähili garamaly diýlen meseläni maslahatlaşýarlar. Bu diskussiýanyň netijesi bilermenleriň we karar çykaryjylaryň Türkmenistan baradaky garaýyşlaryna köp täsir eder. Ýöne beýleki tarapdan, Londonda geçirilýän bu çäre Türkmenistanyň ýokary derejeli wekillerine täsir eder diýip aýdyp biljek däl. Sebäbi Türkmenistanyň ‘açyk gapylar’ syýasatyny yglan edendigine garamazdan, bu ýurduň ýapyklygyna galýandygyny ýatdan çykarmaly däl” diýip, analitik Artýom Ulunýan belledi.

“Chatham House” guramasy hökümetden hem belli bir gatlaklaryň bähbidini öňe sürýän dürli lobbirleýji toparlardan garaşsyz, hökümete degişli bolmadyk institut. Bu institut halakara gatnaşyklaryny analizlemek bilen meşgullanýar.

“Chatham House” guramasynyň direktory Robin Niblett özleriniň alyp barýan işleriniň ähmiýeti barada aýdyp, “Gitdigiçe garaşly bolup barýan dünýä üçin garaşsyz, ygtybarly analizleriň zerurlygy öň görlüp-eşdilmedik derejä ýetdi” diýýär.

“Chatham House”-yň aýratynlygy

Bu instituty başgalardan tapawutlandyrýan bir aýratynlygy bar. Ol hem diskussiýa gatnaşýan adamlaryň çykyşlary metbugata berilse-de, çykyş eden adamyň ady ýa-da işleýän ýeri barada maglumat bermek gadagan edilýär. Bu düzgün adamlaryň öz beren maglumatlary üçin jogapkärçilige çekilmejegini bilip, has erkin diskussiýa gatnaşmagy üçin girizildi diýilip, “Chatham House” guramasynyň internet sahypasynda maglumat berilýär.

Orsýetli analitik Artýom Ulunýan 12-nji oktýabrda geçirilen Tegelek stol çäresiniň netijeleri Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraýyna oňyn täsir etmejegini çaklaýar. Sebäbi, onuň pikiriçe, ýurduň tebigy baýlyklaryna hem Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna gelen döwründe beren wadalaryna garamazdan, Türkmenistanyň içinde alnyp barylýan syýasat ýurduň liberallaşmagyna tarap däl-de, awtoritarizmiň berkemegine tarap alyp barýar.

“Günbatar başda Türkmenistanda syýasy hem sosial reformalaryň geçiriljekdigine bil baglaýardy. Emma şeýle reformalar geçirilmedi. Häzir Ýewropa ýurtlarynda hem ABŞ-da demokratik reformalara esaslanmadyk syýasy durnuklylygyň bir günde özgerip, howply durnuksyzlyga öwürilip bilýändigine göz ýetirdiler” diýip, Artýom Ulunýan belleýär.

Şu nykdaýnazardan, “Chatham House” guramasynyň Türkmenistan bilen bagly geçiren Tegelek stol söhbetdeşliginde syýasy, sosial meselelere garalsa-da, bu diskussiýanyň netijesi ykdysady meseleleriň çözgüdine täsir edip biler diýip, Merkezi Aziýa boýunça bilermen Artýom Ulunýan Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde nygtady.
XS
SM
MD
LG