Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-nyň raýatlary ykdysady deňsizlikden nägile


M.Braý: “Ýurdy dolandyrýan syýasy partiýalaryň çalşyp durmagyna garamazdan, ABŞ-nyň ykdysadyýetinde yzagaýdyşlyklar dörände, ondan has köp zyýan çekýän gatlak ýönekeý zähmetkeşler bolup çykýar”.

M.Braý: “Ýurdy dolandyrýan syýasy partiýalaryň çalşyp durmagyna garamazdan, ABŞ-nyň ykdysadyýetinde yzagaýdyşlyklar dörände, ondan has köp zyýan çekýän gatlak ýönekeý zähmetkeşler bolup çykýar”.

Şu hepdäniň duşenbe güni ABŞ-nyň Çikago şäherinde ykdysady deňsizlige nägilelik bildirýän müňlerçe adam näräzylyk aksiýasyna çykdy. Bu çäre “Wall streeti basyp al” atly hereket tarapyndan gurnaldy. Bu hereket soňky günler ABŞ-nyň dürli şäherlerinde şuňa meňzeş çykyşlary gurnap başlady. Azat Ýewropa Azatlyk Radiosy bu hereketiň metbugat sekretary Mark Breý bilen ýörite söhbetdeş boldy.


Azatlyk Radiosy: “Wall streeti basyp al” atly hereket nähili başlandy?

M.Braý: Ilkibaşda düýbi Kanadada ýerleşýän “Adbusters” atly žurnal bu barada çagyryş bilen internet arkaly beýanat ýaýratdy. Eger isleseňiz, şol beýanaty internetden hem tapyp bilersiňiz.

Şol žurnal öz okyjylaryna ýüzlenip ýaýradan beýanatynda olary iki aýlap “Wall Streeti” (redaksion bellik: Wall Street – ABŞ-nyň iň iri maliýe edaralarynyň ýerleşýan köçesi. Şol edaralar toplumy hem, köplenç, “Wall Street” diýlen söz bilen atlandyrylýar) gabamaga çagyrdy. Bu çäräniň maksady – Wall Streete we hökümete olaryň şowsuzlyklary barada duýduruş bermekden ybaratdy. Emma bu hereketi hakyky manyda öňe alyp gidenler şol çagyryşy alyp göterip, bilelikde guramaçylyk işine girişen sanlyja adamlar boldy.

Özüm barada aýtsam, ilkibaşda menem bu herekete beýlekiler ýaly gatnaşyp başladym. Men bu çagyryşy internetde okamsoň, wagtyň geçmegi bilen oňa has aktiw gatnaşdym. Aýtjak bolýan zadym, men bu hereket başlamazdan ozal ony gurnanlaryň biri däl.

Azatlyk Radiosy: Bu hereketiň iki aýlap dowam etjekdigi barada gürrüň edilipdi. Hereketiň başlanyndan bäri eýýäm 20 gün töweregi wagt geçdi. Siziň pikiriňizçe, iki aýdan soňra bu protestler köşeşermi ýa-da dowam edermi?

M.Braý: Ilkibaşda bu hereket iki aýa planlaşdyrylypdy. Onuň sebäbi bu çagyryşy ýaýradanlaryň onuň näderejede ulaljagyna we möhüm bir meselä öwrüljegine göz ýetirmänligi bilen bagly bolup biler.

Bu çagyryşy çap eden “Adbuster” žurnalydy. Ol bir pikiri orta atdy. Ýöne bu pikiri herekete getirip, ony häzirki derejä ýetirenler şol çagyryşa gulak asyp, köçelere çykan adamlar boldy. Biziň bu hereketi togtatmak barada hiç hili planymyz ýok. Haçan-da maňa şeýle sorag berlende, men syýasat ýöretmegiň täze ýoluny döretmek barada tagalla edýänligimizi aýdýaryn.

Biz halkyň öz pikirini beýan etmegine we ony halk köpçüliginiň ünsüne ýetirip bilmegine, şeýle-de syýasy partiýalar we syýasatçylar tarapyndan bu çärä täsir ýetirip bolmaz ýaly, demokratik bir forum döretmäge synanyşýarys.

Biz halk köpçüliginiň öz içerki işlerimize has aktiw gatnaşmagyna ýol açar ýaly demokratik bir forum döretmäge synanyşýarys. Şonuň üçin biz bu hereketiň bir görelde hökmünde hyzmat etmegini isleýäris. Biz bu tagallalaryň täze we tapawutly bir zadyň göreldesi bolmagyny we şol hereketiň-de dowam etmegini isleýäris.

Azatlyk Radiosy: Bu syýasy bir herekete öwrülip barýana meňzeýär, sebäbi siz halkyň syýasy çärelere gatnaşmagyna görelde bolmak barada gürrüň edýärsiňiz?

M.Braý: Hawa, menem edil şu zadyň gürrüňini edýärin. Biziň “Basylyp alnan Wall Street almanahy” atly gazetimiz çap edilýär. Eger şol gazete, gazetde çap edilen makalalara üns berseňiz, halkyň pikirine gulak assaňyz, siz bir netijä üns berersiňiz, ýagny, ilat öz ýagdaýlaryna syýasatçylar asla üns bermeýär diýip hasaplaýar.

Sebäbi ýurt 8 ýyllap Jorj Buşuň konserwatiw-respublikan partiýasy tarapyndan we häzirem prezident Obamanyň liberal-demokratik partiýasy tarapyndan dolandyrylýar. Ýurdy dolandyrýan syýasy partiýalaryň çalşyp durmagyna garamazdan, ABŞ-nyň ykdysadyýetinde yzagaýdyşlyklar dörände, ondan has köp zyýan çekýän gatlak ýönekeý zähmetkeşler bolup çykýar.

Uly kompaniýalar we maliýe institutlary bolsa, umuman aýdylanda, bizneslerini öňküsi ýaly dowam etdirýärler. Netijede ilat demokratiýa bolan garaýşyny gaýtadan gözden geçirmegiň pikirini edip başlady.
XS
SM
MD
LG