Sepleriň elýeterliligi

Soňky sanlar “Nabukko” nähili täsir eder?


"Analitikler Türkmenistanyň “Nabukko” tarap takyk ädimleriniň onuň gaz zapaslarynyň möçberine däl-de, eýse ýurduň hökümetiniň syýasy islegine baglydygyny belleýärler".

"Analitikler Türkmenistanyň “Nabukko” tarap takyk ädimleriniň onuň gaz zapaslarynyň möçberine däl-de, eýse ýurduň hökümetiniň syýasy islegine baglydygyny belleýärler".

“Gaffney Cline & Associates” kompaniýasynyň wekili Jim Gillet 11-nji oktýabrda Aşgabatda geçiren metbugat konferensiýasynda Günorta Ýolöten-Osman, “Ýaşlar” we “Minara” gaz ýataklaryndaky umumy gazyň, maksimal çaklamalar boýunça, 26 trillion kubometre ýetýänligini aýtdy.


“Gaffney Cline & Associates” kompaniýasynyň bu beýanatynyň yzýany Türkmenistan öz resmi maglumatynda bu garaşsyz kompaniýanyň yglan eden sanlarynyň ýurduň hazirki we perspektiwadaky gazgeçirijilerini islendik möçberde gaz bilen üpjün etmegi üçin kepilnamadygyny nygtady.

Türkmenistanyň has uly möçberdäki gaz zapaslaryna eýedigi baradaky maglumat munuň Ýewropa Bileleşigi üçinem gowy habardygy baradaky pikrileri döretdi. Bu tema 12-nji oktýabrda Türkmenistana sapar eden Awstriýanyň prezidenti Haýns Fişeriň türkmen tarapy bilen geçiren gepleşiklerinde hem gozgaldy.

Resmi maglumatlara görä, Awstriýanyň prezidenti Türkmenistanyň energiýa resurslarynyň eksport ugurlaryny köpeltmek we Ýewropa ugruny ösdürmek ugrundaky meýillerini Ýewropa döwletleriniň goldaýanlygyny we takyk ädimlere uly gyzyklanma bildirýänligini aýtdy.

Aşgabadyň “Nabukko” gatnaşygy nämä bagly?

Şol bir wagtda-da, analitikler Türkmenistanyň “Nabukko” tarap takyk ädimleriniň onuň gaz zapaslarynyň möçberine däl-de, eýse ýurduň hökümetiniň syýasy islegine baglydygyny belleýärler.

“Global Witness” guramasynyň bilermeni Tomas Maýn Azatlyk Raidosyna bu barada şeýle diýdi: “Soňky ýyllarda bu meseläniň Türkmenistanyň gaz baýlyklarynyň möçberine degişli däldigi aýan. Türkmenistanyň gaza ägirt uly baýdygy hemmä öňden bäri mälim. Meniň pikirimçe, bu ýerde esasy mesele bu gazy ýurduň daşyna çykarmakda”.

Tomas Maýnyň pikirine görä, “Nabukko” we “Transhazar” proýektleriniň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň gaz eksporty üçin amatly ýol bolup bilerdi we häzirki wagtda yglan edilýän ägirt uly gaz baýlyklarynyň iş ýüzünde tassyklanmagyna we netijeli peýdalanylmagyna mümkinçilik dörederdi.

Azerbaýjanly bilermen Ilhan Şaban hem Türkmenistanyň bir wagtda ençeme gazgeçirijisini gaz bilen üpjün etmek ukybyny ýurduň gaz zapaslary baradaky täze sanlar bilen baglanyşdyrmaýar. Bakuwda ýerleşýän Nebiti öwreniş merkeziniň müdiri Ilhan Şaban Türkmenstanyň Ýewropa Bileleşigi bilen geçirýän gepleşiklerinde Ýewropa gazyň uly bolmadyk möçberini akdyrmak barada gürruň gidýänligini belleýär.

“Türkmenistanyň 2007-nji ýylda Brýussel bilen gol çeken Memorandumynda ýylda 10 milliard kubometr gazyň söwdasy barada gürrrüň gidýär. Ýakynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistan we Azerbaýjan bilen ‘Nabukko’ proýekti boýunça gepleşik geçirmek barada yglan eden planynda türkmen gazy bilen baglylykda 20 milliard kubometr diýen san agzaldy” diýip, I.Şaban belledi.

Üpjünçilik ukyby we päsgelçilikler

Ilhan Şaban Türkmenistanyň öň yglan edilen gaz zapaslarynyň-da uzak wagtlap bir wagtda birnäçe ugurlary gaz bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýänligini, emma soňky ýyllarda ýurduň öz gaz önümçiligini çürt-kesik azaldanlygyny belledi.

Bilermeniň pikirine görä, muňa 2009-njy ýylda Türkmenistanyň Orsýet bilen arasyndaky gaz söwdasynyň çäklenmegi esasy sebäp boldy. 2009-njy ýylyň aýagynda we 2010-njy ýylyň başynda Hytaýa we Eýrana tarap işe girizilen täze gazgeçirijiler-de ýagdaýy düýpgöter özgerdip bilmedi.

Ilhan Şabanyň bellemegine görä, Hytaý we Eýran türkmen gazyny garaşylyşyndan has az möçberde satyn alýarlar, şol bir wagtda-da bu ýurtlar Türkmenistanyň “Nabukko” goşulmagyna päsgel berip gelýärler.

Bilermen soňky ýyllarda Orsýetiň täsiriniň biraz gowşanlygyny belledi, emma 2012-nji ýylda Orsýetde boljak prezidentlik saýlawlarynda döwlet başyna Wladimir Putin gelse, Moskwanyň Hazar regionyndaky energiýa proýektlerine täsiriniň has güýçlenjegini çak edýär: “Orsýetiň ‘Nabukko’ garşy öz hereketleriniň depginini gitdigiçe güýçlendirýänligini görýäris. Putin ‘Demirgazyk akym’ proýektini öňe sürmek bilen, bäsdeşlerini tehniki taýdan çäklendirmäge çalyşýar”.

Azerbaýjan bilermeniniň pikirine görä, Türkmenistanyň yglan edýän köpugurly energiýa strategiýasynyň gazyň eksportyny we girdejililigini artdyrmakda anyk netejeleri bermaýändigi ýurduň ýolbaşçylarynyň häzirki alyp barýan garaşmak ýaly passiw pozisiýasy bilen baglanyşykly.
XS
SM
MD
LG