Sepleriň elýeterliligi

Putin hytaý modelini synap gördi


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin (çepde) Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao bilen duşuşýar, Pekin, 11-nji oktýabr.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin (çepde) Hytaýyň premýer-ministri Wen Jiabao bilen duşuşýar, Pekin, 11-nji oktýabr.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putiniň Hytaýa iki günlük sapary tamamlandy. Putin şol ýerde Döwlet Sowetiniň premýeri Wen Szýabao bilen duşuşdy. 12-nji oktýabrda Orsýetiň hökümetiniň baştutany HHR-iň baştutany Hu Szintao hem-de halk wekilleriniň Bütinhytaý ýygnagynyň başlygy U Bango bilen gürrüňdeş boldy. Bilermenleriň köpüsi bu saparyň Putiniň daşary syýasatynyň ugrunyň kesgitleýji ýolunyň bolmagynyň mümkindigini belleýär. Eger-de Putin üçünji sapar Orsýetiň prezidentligine saýlanaýsa, şu zatlary durmuşa geçirmekçi.

Wladimir Putin Pekine saparynyň ikinji güni özüniň gepleşikler boýunça hyzmatdaşlaryna “Hormatly dost” Hu Szintao we “habardar gürrüňçi” U Bango diýip, hytaýlylaryň özleriniňki ýaly edepli sözler bilen ýüzlendi. Hu Szintao hem Orsýetiň premýerine hoşamaý sözlerini eçilibildi. Ol Putine “Hytaý halkynyň uly dosty” diýip ýüzlendi hem-de onuň Hytaýa saparyndan garaşýan zatlaryny dykgat bilen diňledi:

—Her dürli biznes-strukturalarynyň arasynda, biziň kompaniýalarymyzyň arasynda umumy möçberi 7 milliard dollardanam geçýän ylalaşyklara gol çekildi. Biz düýn ilkinji nobatda özümiziň ykdysadyýet sferamyzdaky ösüşimiz barada gürrüň etdik, özümiziň käbir işlerimiziň netijelerini jemledik we ösüşiň perspektiwalaryny belertdik.

Wladimir Putin Hytaýyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda häzir Orsýet bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ilkinji nobatda ýangyç serişdelerini satmaga esaslanýandygyny tassyklady:

—Biz nebit we gaz, ýagny uglewodorod çig maly ugrunda işleýäris. Ýöne munuň özi, Hytaýa göz öňünde tutulýan gazy satmagyň gürrüňi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, uglewodorodlary bilelikde işläp taýýarlamakdyr, olary bilelikde gazyp almakdyr—şol sanda, aýdalyň, bulary bizde, ýagny, Orsýetde—Udmyrdystanda durmuşa geçirip bolar. Munuň Uzak Gündogarda, Sahalinde “Sahalin—3” proýektiniň çäginde geljekde amala aşyryljak iş bolmagy mümkin. Munuň “Magadan—1” proýektiniň çägindäki şelfdäki (deňziň gyralaryndaky ýalpaklar) iş bolmagy mümkin. Munuň özi, elbetde, Hytaýa iki ugur boýunça— gündogar boýunça we günbatar boýunça tebigy gazy çekmek mümkinçiligidir. Biziň hytaýly dostlarymyz ilkinji etapda günbatar ugur (ol Altaýyň çäginde) bähbitli diýip hasaplaýarlar. Biz gündogar ugry boýunça-da gaz bermegiň (ol Wladiwostogyň çäginde ýerleşýär) mümkinçiliklerini-de öwrenýäris—diýip, Wladimir Putin belleýär.

Orsýet Hytaý bilen nebitdir gaz gatnaşygy boýunça uly tutumlara taýýar. Wise-premýer Igor Seçin Orsýetiň Hytaý üçin gazynyň bahasy babatda çylşyrymly gepleşiklerde ösüşe ýetilip barylýandygyny, nebit boýunça gepleşiklerde eýýäm ösüşe ýetilendigini aýtdy: şu gepleşiklere gatnaşyjylaryň habarlaryna görä, Pekin Orsýetden satyn alýan nebitiniň bergisiniň uly bölegini töläpdir, Moskwa bolsa şuňa jogap hökmünde hytaýly ýoldaşlara indi satyljak nebitiň bahasyna eglişik etmäge razylyk berdi. Netijede (bu maglumatlary Orsýetiň gazetleri ýazýarlar) Orsýetiň Hytaýa satýan nebitiniň girdejisi ýylda ýüz million dollara çenli pese düşer.

Moskwanyň halkara gatnaşyklary institutynyň syýasatşynaslyk fakultetiniň dekany, Hytaý boýunça ekspert Alekseý Woskresenskiý Orsýet üçin Hytaý bilen dostlugyň näme sebäbe görä, puldan gymmatlydygyny şeýle düşündirýär:

—Hytaý iň soňky wagta çenli örän ynamly ösüş görkezdi, ýöne mydama şeýle ösüş bolup durmaýar. Bazarlaryň örüsi daralýar, hytaý modeli bolsa—ilkinji nobatda eksport modeli: hytaý öz harytlaryny daşarky bazarlarda satmaly. Mundan başga-da Hytaý özüniň ykdysady ösüşiniň modelini güýçlendirmeli.

Orsýetiň ýagdaýy başgaça—umuman, dünýä sistemasyndaky durnuksyzlyga garamazdan, ýeterlik derejedäki birsydyrgyn ösüş bar. Şonuň ýaly-da, Orsýetiň ykdysadyýeti esasan çig mal sektoryna daýanýar. Sözüň hakyky manysynda, uzak möhletleýin ykdysady çaklamalaryň nukdaý nazaryndan, şeýle modeliň üznüksiz durnukly bolmajagy düşnükli. Şu gysga aralykda, haçan-da Günbataryň ykdysady sistemasynda durnuksyzlyk emele gelende, megerem, Orsýetiň we Hytaýyň ykdysady syýasatlaryny az-kem sazlamak mümkinçiligi emele geldi: bir tarapdan, dünýä ykdysady sistemasyny gark etmezlik, beýleki tarapdan, birek-birege kömek bermek we öz maliýe hem-de ykdysady ýagdaýlaryňy berkitmek. Onsoňam, bärde meňzeşlik göz-görtele: Orsýet we Hytaý häzir käbir Ýewropa döwletleriniň bergilerini satyn almaga çalyşýarlar. Şeýle bolan ýagdaýda bu iki ýurt olaryň diňe bir ykdysadyýetdäki meselelerini çözmäge kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarda öz ykdysady syýasatlaryny durmuşa geçirmäge ýa-da güýçlendirmäge nähilidir bir ynama eýe bolýar—diýip, Alekseý Woskresenskiý nygtaýar.

Birleşen Ştatlarda Orsýet bilen Hytaýyň arasynda bolup biläýjek ykdysady we syýasy hyzmatdaşlyga juda kembaha garalýar. Bu barada “Heritej Faundeýşniň” baş eksperti Ariel Koen Azatlyk Radiosynyň Rus gullugyna beren interwýusynda şeýle diýýär:

—Birleşen Ştatlar yslam dünýäsine başy bilen berildiler, häzir Ýakyn Gündogar, Owganystan, goşunlary çykarmak, Eýran bilen (ýakynda Eýranyň Saud Arabystanynyň we Ysraýylyň Waşingtondaky ilçihanalaryna hüjüm etmek hem-de Saud Arabystanynyň ilçisini öldürmek baradaky dildüwşüginiň üsti açyldy) bagly meseleleriň şeýle bir ýüki ýetdi welin, Orsýet bilen Hytaýyň arasyndaky ýakynlaşmany, umuman alanyňda, häzirlikçe Waşingtonda onçakly duýup baranoklar. Orsýetiň we Wladimir Wladimirowiç Putiniň daşary syýasat ugry, gürrüňsiz, Hytaý Halk Respublikasy bilen şärikli işleşmäge, ýakynlaşmaga, hyzmatdaşlyga gönükdirilendir. Eger Medwedewe Birleşen Ştatlar, Günbatar Ýewropa, Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmäge meýillilikde şübhelenen bolsalar, onda beýanatlar, saparlar, ykdysady proýektler (bulary Wladimir Wladimirowiç we onuň egindeşleri alyp barýarlar) gürrüňsiz, Gündogar ugra gönükdirilendir. Muňa Hytaý bilen uly gaz proýektem girýär. Dogry, häzire çenli nyrhlar boýunça ylalaşyga gelip bilenoklar, ýöne heniz mümkinçilikler bar—Orsýet Orta Aziýanyň dürli proýektlerine-de gatnaşýar. Haçan-da Birleşen Ştatlar Owganystandan çykanynda Orsýet üçin çynlakaý çagyryş bolar. Şu meseleleri Orsýetiň Hytaý bilen birlikde çözmeli boljak-bolmajagy heniz belli däl. Belki, Orsýetiň bu meseleleri özi çözmeli bolar, belki-de, Orsýet Merkezi Aziýanyň araçäkleriniň goragynda durmaly bolar. Şu geosyýasy, ykdysady çagyryşlaryň barysy Orsýetiň Hytaýa tarap ugur almagyna sebäp döredýär…

Ýöne Hytaý bilen meşgullanýan köp sanly rus alymlarynyň pikiriçe, Pekin goňşulary bilen, ilkinji nobatda, Orsýet bilen özara gatnaşyklarynda diňe öz bähbitlerini araýar we regionlarda hytaý kompaniýalary tarapyndan işlenilip çykarylýan zatlarda ekologiýa we sosial-durmuş strukturalary ýaly problemalara baş galdyrmaýar. Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň Orsýetiň Uzak Gündogaryna hakykatda hiç zat bermeýändigi barada Alekseý Woskresenskiý şeýle diýýär:

—Eger Orsýet bilen Hytaýyň arasynda strategiki hyzmatdaşlyk barada şertnama gol çekilen bolsa, onda şeýle hyzmatdaşlyk Orsýet bilen Hytaýyň arasynda pugtalandyrylmaly, aýratynam Uzak Gündogaryň ykdysady ýagdaýy pugtalandyrylmaly. Diýmek, ol Uzak Gündogary ösdürmegiň federal programmalary bilen çapraz gidip bilmez: ol bu federal programmalary berkitmelidir. Ana, şonda Uzak Gündogarda ösüşe goşmaça bat berler. Emma meniň iki-üç ýyl mundan ozalky derňewlerim beýle zatlaryň bolmaýandygyndan habar berýär. Ýagny, her dürli ýagdaýlar—gowy ýagdaýlaram, ýaramaz ýagdaýlaram bolup geçdi. Ýöne rus-hytaý hyzmatdaşlygynyň Uzak Gündogarda Orsýetiň federal programmalaryna goltgy bermekde kuwwatly faktor bolup bilýär diýip aýtmaga welin, diliň baranok.

Danila Galperowiç Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habarçysy.
XS
SM
MD
LG