Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orýset-Amerikan gatnaşyklarynda Eýran möhüm orunda


Amerikanyň prezidentiniň Orýset boýunça ýokary derejeli maslahatçysynyň aýtmagyna görä, Waşington bilen Moskwanyň gatnaşyklarynda Eýran “iň möhüm meseleleriň” biri bolup durýar.

Amerikanyň Milli howpsuzlyk geňeşiniň agzasy Maýkl MkFaul penşenbe günki çykyşynda “Orsýet bilen Birleşen Ştatlar arasyndaky gatnaşyklarda Eýran iň möhüm mesele bolmasa-da, ol gürrüňsiz wajyp meseleleriň biridir” diýip, belledi.

MkFaulyň sözlerine görä, Amerika we Orsýet resmileriniň arasyndaky gepleşiklerde “başga meselelere garanyňda Eýrana has köp üns berilýär”.
XS
SM
MD
LG