Sepleriň elýeterliligi

“Nur-Otan” partiýasynyň welaýat bölüm lideri atylyp öldürildi


Gazagystanyň häkimiýet başyndaky “Nur-Otan” partiýasynyň Gündogar Gazagystan welaýat bölüminiň lideri Waleriý Proskurýakow penşenbe güni irden atylyp öldürildi. Munuň hakyna tutma jenaýatçynyň işine meňzeýändigi habar berilýär.

Proskurýakow özüniň ulagyna giren dessine, näbelli hüjümçi gelip, onuň kellesinden atypdyr. Hüjümçi gaçmagy başarypdyr.Ýerli polisiýa deňrewe başlady.

Waleriý Proskurýakow köp ýyllaryň dowamynda “Nur-Otan” partiýasynyň Gündogar Gazagystan welaýat bölüminiň başlygydy.
XS
SM
MD
LG