Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa Eýrandan jogap talap etmekde ABŞ bilen hyzmatdaşlyk eder


Saud Arabystanynyň Waşingtondaky ilçisine garşy gümän edilýän kast etmek synanyşygynyň üsti açylandan soň, Britaniýa Tährandan jogap talap etmek boýunça Amerika we Saud Arabystany bilen ysnyşykda hyzmatdaşlyk eder.

Bu barada penşenbe güni Britaniýanyň daşary işler ministri Wilýam Heýg ýurduň parlamentinde eden çykyşynda aýtdy.

“Bu kast etme synanyşygynyň Eýranyň režiminň, şol sanda Yslam Rewolýusion Gwardiýasynyň Kuds güýçleriniň gatnaşmagynda dolandyrylandygy görkezýän käbir alamatlar bar. Bu Eýranyň öz serhetleriniň daşynda terrorizmi maliýeleşdirmegini artdyrýandygyna delil geçýäne meňzeýär” diýip, Heýg belledi.

Şu hepde Birleşen Ştatlaryň resmileri Eýran hökümetiniň agentleri diýilýän iki sany eýran asylly adamy Saud Arabystanynyň ilçisi Adel Al-Jubeirýä hüjüm etmek synanşygynda aýyplady.
XS
SM
MD
LG